Sepleriň elýeterliligi

"Musulman doganlar" geçiş plany makullamady


“Musulman doganlar” syýasy hereketiniň ýokary derejeli resmisi Müsüriň wagtlaýyn prezidenti Adli Mansuryň ýurtda saýlawlary geçirmek hemem täze konstitusiýany taýýarlamak boýunça hödürlenen ýol kartasyny ret etdi.

Armiýa yslamçy prezident Muhammed Morsinini häkimiýetden çetleşdirenden soň geçen hepde Müsüriň konstitusiýasy ýatyryldy. Bu waka millionlarça adamynyň protest aksiýasyna gatnaşyp, köçelere çykmagynyň yzysüre bolup geçdi.

“Musulman doganlaryň” syýasy bölümi – “Erkinlik we adalat” partiýasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Essam Al Eriýan “Mansuryň ýol kartasy hökümeti agdaranlar tarapyndan bellenen adamyň görkezmesidir. Bu bizi ýoluň başyna, yzymyza gaýtaryp getirer” diýdi.

Mansur tarapyndan yglan edilen karar öňümizdäki iki hepdäniň dowamynda kanuny ekspertlerden ybarat bir toparyň döredilmegini hem göz öňünde tutýar.

Bu topar yslamçylaryň agdyklyk edýän häzirki parlamenti tarapyndan taslanan we 2012-nji ýylyň dekabr aýynda ses berişlik arkaly tassyklanan kanuny ýatyrmak barada iş alyp barar.

Esasy kanunyň täze taslamasy noýabr aýynda sese goýlar we soňra 2014-nji ýylyň başlarynda parlament saýlawlary geçiriler.

Çaknyşyklar

Mansuryň bu ýol kartasy Morsiniň saklanýandygy güman edilýän binanyň golaýynda duşenbe güni bolan çaknyşyklardan soň yglan edildi. Şol wakada azyndan 50 adam heläk boldy.

“Musulman doganlar” hereketi öz tarapdarlaryna harbylar tarapyndan ýaragly hüjüm edilendigini aýdýar, harbylar bolsa öz garşylaryna edilen ýaragly prowokasiýa gaýtawul berendiklerini aýdýarlar.

Müsüriň häkimiýetden agdarylan prezidenti Morsiniň partiýasy “Musulman doganlar” hereketi we onuň ýaranlary, Morsi gaýtadan häkimiýet başyna getirilýänçä, protestlerini dowam etdirjekdiklerini aýdýarlar.

Ak Tamyň metbugat wekili Jaý Karneý bolsa Kaýirde bolan şol dartgynly waka barada eden çykyşynda şeýle diýdi: “Biz şol wakada heläk bolanlar we olaryň maşgala agzalaryna “geçdigi bolsun” diýýäris. Şol çaknyşykda ýaradar bolan adamlaryň çalt aýaga galmagy üçin doga edýäris. Biz harbylary köşeşmäge we protestçileri-de demonstrasiýalaryny parahatçylykly ýagdaýda geçirmäge çagyrýarys. Şol bir wagtyň özünde-de biz “Musulman doganlar” tarapyndan dartgynlylygy möwjetjek çagyryşlary hem ýazgarýarys”.

Karneý aýratynam Waşingtonyň Müsüre berýän maliýe goldawyny häzirlikçe togtatmajagyny tassyklady. Häzirki döwürde Müsüriň harbylaryna resmi Waşington her ýyl 1.3 milliard dollar möçberinde maliýe kömegini berýär.
XS
SM
MD
LG