Sepleriň elýeterliligi

Täjigistan: Internet hüjümler derňelýär


Täjigistanyň taryhynda ilkinji gezek haker hüjümi bilen bagly diýilýän iş derňelýär. Bu waka boýunça üç sany ýetginjek tussag edildi.

Täjigistanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat wekili Mahmadullo Asadulloýewiň Azatlyk Radiosyna çarşenbe güni beren maglumatyna görä, tussag edilenler Indigo-Täjigistan telekomunikasiýa kärhanasynyň internet ulgamlaryna hüjüm etmekde aýyplanýarlar.

Resmileriň sözlerine laýyklykda, ýetginjekler ogurlanan maglumatlar arkaly galp sim-kartalary ýasamakçy bolupdyrlar.

Eger-de tussag edilenleriň günäsi subut edilse, olara iki ýyl türme tussaglygy we pul jerimesi berilmegi mümkin.
XS
SM
MD
LG