Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çurkin: Sirini gozgalaňçylar ulandy


Russiýanyň BMG-däki ilçisi Witaliý Çurkin Siriýada sirin gazyny gozgalaňçylaryň ulanandygy barada delilleriň bardygyny aýdýar.

Çurkin sişenbe güni çykyş edip, russiýaly derňewçileriň Alepponyň golaýyndaky Khan al-Assal sebitine baryp, ol ýerde barlaglary geçirendigini aýtdy. Şeýle-de Çurkin sebitden “esasly delilleriň” toplanandygyny hem sözüne goşdy.

Çurkin žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda 19-njy martda gozgalaňçylaryň üç raketany atyp, 26 adamy, şol sanda 16 esgeri öldürendigini aýtdy.

Çurkin BMG-niň dykgatyna 80 sahypalyk hasabatyň hödürlenendigini, onda Khan al-Assalda atylan raketalarda himiki ýaragyň bolandygy “açyk delillendirilýändigini” hem belledi.

Günbatar hökümetleri himiki ýaragy siriýaly gozgalaňçylaryň ulanandygy barada delilleriň ýokdugyny nygtaýarlar.
XS
SM
MD
LG