Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: Galmaly ABŞ-ly esgerleriň sany nämälim


Ak tamyň berýän maglumatyna görä, prezident Barak Obama 2014-njy ýyldan soň Owganystanda näçe ABŞ-ly esgeriň galmalydygy barada, entek, doly karara gelmändir.

Ak tamyň metbugat wekili Jeý Karneý sişenbe güni çykyş edip, Obamanyň Owganystanda hiç bir amerikaly esgeri galdyrmaly däl diýen mümkinçilige hem garaýandygyny aýtdy.

Karneý 2014-nji ýyldan soň Owganystanda galmaly amerikaly esgerleriň sanynyň ýerli resmiler bilen maslahat edilip çözüljekdigini aýtdy.

Mundan öň, prezident Barak Obamanyň hökümeti bilen prezident Hamid Karzaýyň edarasynyň arasyndaky dartgynlylyk sebäpli, Owganystandan ähli ABŞ-ly esgerleriň çykaryljakdygy barada habar peýda bolupdy.

Karzaýyň metbugat wekili ýurtdan ähli amerikan esgerlerini çykarmak boýunça gepleşikleriň alnyp barylýandygyny ret etdi.
XS
SM
MD
LG