Sepleriň elýeterliligi

AI: Protestlerde ‘çenden aşa’ güýç ulanyldy


Adam hukuklaryna gözegçilik edýän Amnesty International guramasy şu hepdäniň başynda Müsürde geçirilen protestlerde harbylaryň “çenden aşa” güýji ulanandygyny aýdýar.

Duşenbe güni bolan şol wakada azyndan 51 adam ölüpdi. Heläk bolanlaryň aglabasy çetleşdirilen prezident Muhammad Morsiniň tarapdarlarydy.

“Musulman doganlar” hereketiniň aýtmagyna görä, howpsuzlyk güýçleri olaryň tarapdarlaryny “gyrypdyrlar”. Harbylar bolsa özlerine “terroristleriň” hüjüm edendigini aýdýar.

Müsüriň adam hukuklaryna gözegçilik edýän 15 guramasy bu wakanyň derňelmegini sorap, bilelikdäki beýanaty ýaýratdylar.
XS
SM
MD
LG