Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Obalylar zorluk çenden aşdy diýýärler


Ukrainada Irina Kraşkowanyň zorlanmagyna garşy guralan protestlerden bir görnüş.
Ukrainada Irina Kraşkowanyň zorlanmagyna garşy guralan protestlerden bir görnüş.
Ukrainada bir aýal, ýerli polisiýa işgäriniň özüni zalymlarça zorlandygyny aýdyp, onuň garşysyna görkezme berdi.

Geçen hepde bu ýagdaý, ýagny polisiýa işgäriniň bir naçary zorlamagy, ýurtda halk köpçüliginiň gazabyna duçar boldy. Soňky aýyplamalar, şäherçede polisiýa işgärleriniň şuňa meňzeş jenaýatlary ozalam edip gelendiklerine, ýöne soňra öz jenaýatlarynyň üstüni basyrandyklaryna ukrain jemgyýetiniň ünsüni çekdi.

Ukrainanyň günortasynda ýerleşýän Wradiýewka şäherçesiniň ýaşaýjylary uzak ýyllardan bäri şäherçäniň polisiýa departamentinde işleriň kada laýyk alnyp barylmaýandygyny güman edýärdiler.

Olaryň ençeme ýyllap toplanan gahary geçen hepde gazaply proteste öwrüldi duruberdi. 29 ýaşly Irina Kraşkowa 29-njy iýunda iki sany polisiýa işgäri bilen ýene-de bir obadaşynyň özüni urup-ýenjip, soňam zorlandyklaryny tassyklap, olaryň garşysyna görkezme berensoň, ýüzlerçe adam üýşüp, şäherçäniň polisiýa bölümine gazaply hüjüm etdiler.
Zorlanan Irina Kraşkowa hassahanada interýiew berýär, 2-nji iýul, 2013.
Zorlanan Irina Kraşkowa hassahanada interýiew berýär, 2-nji iýul, 2013.

Hökümet Kraşkowanyň arzasyna has içgin seredilip, derňeljekdigini söz berdi. Günä bildirilýän üç adam bolsa häzirlikçe wagtlaýyn tussaglykda saklanýar. Galyberse-de, prokuraturanyň işgärleri Wradiýewkanyň ilatynyň ozal gümürtik ýagdaýda üsti ýapyldy diýýän wakalaryna-da täzeden garap başlady.

Alina we Irina urlan urgular

2011-nji ýylyň ýanwar aýynda 15 ýaşly Alina Porkuly zorlap, zalymlarça öldüripdirler. Alinanyň kakasy Igro Porkul Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugyna bu iki wakanyň görer göze biri-birine gaty çalym edýändigini aýtdy:

“Meniň gyzymyň we Irinanyň garşysyna edilen jenaýatdan soň alnan suratlara içgin seretseň, bu iki hadysa biri-birine gaty meňzeş bolup görünýär. Ikisiniňem kellesine urgy degipdir. Gözlerine-de urlupdyr. Ikisiniňem çep gözi we sag ýaňagy ýenjilipdir. Irina özüni halas etmegi başarypdyr, ýöne meniň gyzymy suwa zyňypdyrlar, howuza taşlapdyrlar.”

Porkul öz gyzynyň goşlarynda hiç hili barmak yzyna duş gelinmändigini hem sözüniň üstüne goşýar. Aslynda gyzynyň goşlary diýlip getirilen zatlaryň oňa degişli hem däldigini aýdýar. Bu ýagdaý bolsa jenaýatçynyň özüniň näme edip, näme goýýandygyndan habarlydygyny we hüşgärdigini görkezýär diýip, Porkul gürrüň berýär.

Welaýat prokurory Andreý Kurys öz edarasynyň heläk bolan Alina Porkulyň işini täzeden derňejekdigini tassyklady.

Zalymlykda ile ‘bellentgi’

Wradiýewkanyň ýaşaýjylary Kraşkowanyň garşysyna edilen jenaýat bilen bagly ady agzalýan polisiýa işgäriniň uzak wagtdan bäri arakhorlukda we zalymlykda ile ‘bellentgi’ bolandygyny aýdýarlar. Şeýle hem ýerli halk, maşgalasynyň syýasat dünýäsinde tanyş–bilişleriniň bolany üçin, belli bir döwürde onuň arkasynyň alnandygyny aýdýar.

Alina Porkulyň garşysyna edilen jenaýat resmi taýdan ýapylypdy. Soraga çekilen 11 adam agzalýan jenaýaty özleriniň amala aşyrandygyny boýun alypdy. Olardan ikisi, bu jenaýaty boýun alansoň, öz janlaryna kast edipdiler. Janyna kast edenleriň biri entek wagtlaýyn tussaglykda saklanýarka özüni heläklän ekeni. Aktiwistler olaryň gynalyp, jenaýatyň boýunlaryna goýlandygyny öňe sürýärler.

"Janyna kast edenleriň" işleri

Welaýat prokurory Kursy öz janyna kast edenleriň işleriniňem täzeden derňeljekdigini tassyklady.

2011-nji ýylda Porkulyň garşysyna edilen jenaýatyň derňelýän döwründe Aleksandr Pidhurskiniň türmäniň kamerasynda özüni asandygy aýdylýar. Ol özüni asmazdan ozal polisiýa ony içerik dykyp, ýedi günläp hiç kim bilen habarlaşdyrmandyr.

Harkowlylar Wradiýewkalylara raýdaşyk bildirýärler. 5-nji iýul, 2013.
Harkowlylar Wradiýewkalylara raýdaşyk bildirýärler. 5-nji iýul, 2013.
Pidhurskiniň ejesi häli bu güne çenli öz oglunyň näme sebäpden saklandygyny bilmeýändigini aýdýar:

“Men oglumy näme üçin alyp gidendiklerini bilmän galdym. Belki, olar oňa bir zada gol çekdirjek bolandyrlar. Biz şu zatlaryň anygyna ýetmeli. Oglum özüne olaryň üç günden bäri nahar-suw bermeýändiklerini maňa aýdyp ýetişdi. Men bäşilenji gün oňa azrak iýmit alyp bardym. Olar sumkany onuň elinden alyp, ýyrtyp, ogluma: ‘Sen etmeli zadyňy edersiň, onsoň nahar iýersiň’ diýdiler”.

Pidhurska Wradiýewkadaky polisiýa bölüminiň garşysyna geçirilen protest çäresine gatnaşdy. Ol köpçüligiň öňüne çykan içeri işler ministriniň orunbasary Wiktor Dubownigiň ýanynda durup, halky köşeşdirmäge çalyşýan polisiýa işgärini görüp, aňk-taňk bolandygyny aýdýar. Sebäbi şol polisiýa işgäri Pidhurskanyň ogluny tussag eden ekeni.

Ol oglunyň ölüminiň derňelmegi üçin Içeri işler ministrligine ýüz tutupdyr. Ýöne entegem ministrlikden hiç hili jogap gelmändir.

Derňelmän ýatan jenaýatlar

“Ukrain Psihoterapistler bileleşiginiň” agzasy Ihor Slobodýanýuk Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugyna Wradiýewkadaky gazaply protestiň ol ýerde entek derňelmän ýatan köp zadyň bardygynyň alamatydygyny aýtdy.

“Bu waka bilinmeýän hadysa däl. Ozalam ol ýerde köp zatlar boldy. Eger-de ýerli ýaşaýjylar polisiýa işgärleriniň ýüzlerine dikanlap seredip bilmeýändikleri barada, olara sataşanda aşak bakýandyklary barada gürrüň edýän bolsalar, diýmek, ýerli halk terror bilen dolandyrylýan basyşyň aşagynda ýaşaýandyr. Ynha, şeýle içe salnyp saklanan dartgynlylygyň ahyrsoňy ýowuz daraşmaga getirmegi-de tebigy ýagdaýdyr.”

Ukrainadaky aktiwistler Wradiýewkadaky ýagdaýyň ýurtda seýrek duş gelinýän ýagdaý däldigini, güýç ulanyjy edaralaryň işgärleriniň we syýasatçylaryň kanun bozmalaryna göz ýumulmagynyň ýaýbaňlanmagyndan ýaňa halkyň halys bez bolandygyny aýdýarlar.

Kiýewdäki “Asuda protest üçin” atly hökümete degişli däl guramanyň hukuk goraýjy aktiwisti Wolodimr Çemerys şeýle diýýär:

“Ukrainada syýasy dartynlylyklar has ýitileşip başlady. Ukraina gaty uzak wagtdan bäri rewolýusiýa teşne. Biz muny sosial meselelere ýykgyn edýän we soňky döwürde has ýygjamlaşýan protestlerden aňyp bilýäris.”

Ol soňky demonstrasiýalar diýmek bilen, 1986-njy ýylda Çernobilde bolan ýadro heläkçiliginde jebir çekenler üçin gurnalan protestlere we Lugansk welaýatynda magdan edarasynyň kontorlaryny basyp alan magdançylaryň protestine salgylanýar.
XS
SM
MD
LG