Sepleriň elýeterliligi

Pasport kösençligi dowam edýär


Türkmenistanyň raýaty

Türkmenistanyň raýaty

Türkmenistanyň köne pasportlary daşary ýurtlara çykmak üçin 10-njy iýuldan beýläk öz güýjüni ýitirýär. Ýurduň daşyna diňe täze biometriki pasportlar bilen çykyp bolýar. Bu ýagdaý ýurduň içinde we daşynda täze pasport edinmedik raýatlara nähili täsir ýetirer?

Türkmenistanda güýje giren täze düzgüne görä, 10-njy iýuldan soň köne pasport bilen ýurduň daşyna çykyp bolmaýar.

Köne pasport bilen ýurduň daşyndan içine barylmagyna degişli çäklendirmeler barada resmi maglumatlarda hiç zat aýdylanok. Türkmenistanly hukukçylar türkmen raýatlarynyň köne pasportlary bilen islendik wagtda ýurda dolanmagynyň milli kanunlarda göz öňünde tutulýandygyny aýdýarlar.

Bilet almak

Şol bir wagtda-da soňky günlerde köne pasport bilen bilet alynmagyna degişli kynçylyklar ýüze çykdy. Hususan-da, Türkiýäniň Stambul şäheriniň aeroportunda “Türkmenhowaýollarynyň” kassasynda ýerleşdirilen bildirişde Türkmenistanyň raýatlaryna biletleriň diňe biometriki pasport esasynda satylýandygy habar berildi. Köne türkmen pasortyna degişli şeýle çäklendirmeleriň bardygy barada Türkiýäniň syýahat şirketleriniň biriniň websaýtynda hem habar berlipdi.

“Türkmenhowaýollarynyň” Moskwadaky kassalarynda Aşgabada biletleriň hem täze, hem köne pasportlar esasynda satylýandygyny habar berdiler. Emma biletiň satyn alynmagy bilen ýolagçylaryň ýurda goýberilip-goýberilmejegi barada ynamly bir zat aýdyp bilmejekdiklerini duýdurdylar.

Wiza möhleti

Türkmenistanyň daşynda okaýan käbir studentleriň Azatlyk Raidosyna gürrüň bermegine görä, täze pasporty bolmadyk raýtalaryň wiza bilen bagly kynçylyklary hem ýüze çykdy. Türkiýede okaýan türkmenistanly student ýerli häkimiýetleriň onuň okuw wizasyny diňe 10-njy iýula çenli uzaldandyklaryny gürrüň berdi.

Türkmenistanyň täze biometrik pasportyny diňe ýurduň içinde alyp bolýar. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynda pasport bermek düzgüni göz öňünde tutulmaýar.

Türkmenistanyň içinde pasportlary ýeke-täk edara - Migrasiýa gullugy berýär. Aşgabadyň ýaşaýjylary Migrasiýa gullugynyň paýtagtdaky edarasyna ýüz tutýarlar. Ýurduň beýleki ýerleriniň ýaşaýjylary diňe welaýat merkezlerinde ýerleşdirilen edaralara barmaly bolýarlar.

Şu günler Migrasiýa gullugynyň edaralarynyň öňünde uly nobatlaryň emele gelendigi habar berilýär.

Meselem, ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, Daşoguzda Migrasiýa gullugyna agşam sagat 11-den başlap, ertirki günüň nobaty düzülýär. Käbir adamlar,nobata durup bilmän, birnäçe günläp gatnaýandygyny gürrüň berýärler. Şeýle ýagdaýda dawa-jenjeliň turýan halatlarynyň-da bolýandygy aýdylýar.

Ýeňillik we kosençlik

Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynda studentlere degişli käbir ýeňillikleriň girizilendigi barada habar berildi. Türkmenistanly synçylaryň sözlerine görä, edil häzirki wagtda Migrasiýa gullugynyň edaralarynda studentlere zerur dokumentler esasynda 3-10 günüň aralygynda pasport bermek göz öňünde tutulýar.

Şol bir wagtda-da bir türkmenistanly student ýaňy-ýakynda Azatlyk Radiosyna, pasportyny alyp bilmän, özüniň maý aýyndan bäri garaşyp ýörendigini gürrüň berdi.

Türkmenistanly graždan aktiwisti Nurberdi Nurmämmedow ýurtda pasport almagyň gurnalyşyny raýatlar üçin “kösençlik” diýip atlandyrýar. Onuň sözlerine görä, pasport üçin talap edilýän resmi dokumentleriň sany ondan geçýär.

Şeýle ýagdaý näme sebäpden döredi?

Pasport almak üçin dokumentleriň tabşyrylmagyndan soň onuň taýýarlanmagy hem wagt talap edýär.

Aşyrguly Baýryýew biometrik pasporty şu ýylyň fewral aýynda alypdyr. Ol şonda pasportyň taýýarlanmagy üçin kesgitlenen bir aýyň dowamynda taýýar bolmandygy gürrüň berdi.

Türkmenistanda täze biometrik pasportlary girizmek barada 2008-nji ýylda karar çykarylypdy. Şondan bäri bäş ýyla golaý wagt geçdi. Käbir synçylaryň pikirine görä, köp raýatlaryň şol döwrüň dowamynda pasport alyp bilmänligi pasport düzgünleriniň kesgitsizligine bagly.

Nurberdi Nurmämedow Migrasiýa gullugynyň edaralarynyň işleýşine, bu işiň guramaçylygyna-da ünsi çekýär. Onuň sözlerine görä, Migrasiýa gullugy bilen telefon arkaly habarlaşyp bolmaýar.

Bu erdaralaryň iş wagtlarynyň çäkli bolmagy-da adamlaryň pasport almagyny, ilkinji nobatda-da işleýän adamlaryň pasport almagyny kynlaşdyrýar.

Türkmenistanda 2008-nji ýyldan bäri pasport alan raýatlaryň sany we häzirki wagtda pasportlaryň çalşyrylmagyna degişli resmi sanlar berilmeýär.
XS
SM
MD
LG