Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fatih uniwersitetindäki mümkinçilikler


Türkiýäniň "Fatih" uniwersitetiniň websahypasyndan bir bölek
Türkiýäniň "Fatih" uniwersitetiniň websahypasyndan bir bölek
Häzirki wagtda ýokary bilim almak ugrunda aladalanýan ýaşlary göz öňünde tutup, Azatlyk Radiosynyň taýýarlaýan hepdelik bilim proýektiniň bu sanynda, Türkiýäniň "Fatih" uniwersitetine arzalary tabşyrmaklygyň we stipendiýaly okuw mümkinçiliklerinden peýdalanmaklygyň usullary barada maglumat taýýarlady.

"Fatih" uniwersitetiniň aýratynlyklaryndan biri hem sapaklaryň aglabasynyň iňlis dilinde geçilmegidir.

Azatlyk Radiosy "Fatih" uniwersitetine okuwa ýerleşmek üçin talap edilýän dokumentler we hödürlenýän stipendiýaly mümkinçilikler barada agzalýan ýokary okuw jaýynyň daşary ýurt talyplar bölüminiň eksperti Ramazan Ýalan bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Ilki bilen uniwersitetiňiz barada gürrüň beräýseňiz?

Ramazan Ýalan: Fatih uniwersiteti 1996-njy ýylda guruldy. [Uniwersitet] ilkibaşda 40 ýurtdan talyp kabul edipdi, häzir ol dünýäniň 109 ýurdundan studentleri kabul edýär. Häzirki wagtda uniwersitetimizde 15000 student okap, olaryň 1500-si daşary ýurtlulardyr. Uniwersitetimizde geçilýän sapaklar doly diýen ýaly iňlis dilinde bolansoň, bu talyplaryň ünsüni has hem özüne çekýär.

Azatlyk Radiosy: Fatih uniwersitetinde okamak isleýän türkmenistanly talyp uniwersitetiňize okuwa girmek üçin nämeler etmeli? Nirä dokument tabşyrmaly?

Ramazan Ýalan: Biziň uniwersitetimiz dokumentleri, adatça, maý aýynyň soňlarynda kabul edip başlaýar. Şu ýyl biz dokumentleri 6-njy maýdan kabul edip başladyk we ol 19-njy iýula çenli dowam eder.

Türkiýäniň Istanbul şäherindäki "Fatih" uniwersitetiniň okuw jaýlary
Türkiýäniň Istanbul şäherindäki "Fatih" uniwersitetiniň okuw jaýlary
Uniwersitetimize okuwa girmek isleýän studentleriň ählisi orta mekdebi tamamlandygy hakyndaky şahadatnamasynyň, bahalarynyň transkriptiniň, pasportynyň we suratynyň kopiýasyny internet arkaly online biziň www.fatih.edu.tr adresimize tabşyryp biler. Studentler bize dokumentlerini poçta arkaly ugratmaýarlar. Olar dokumentleriniň ählisini internet arkaly online tabşyrýarlar.

Azatlyk Radiosy: Ramazan Ýalan, biziň bilşimize görä, talyplar Türkiýedäki käbir uniwersitetlere özleriniň orta mekdebi gutarandygy baradaky şahadatnamasy we bahalarynyň sanawy bilen dokumentlerini tabşyryp, ýokary okuwa ýerleşip bilýärler. Siziň uniwersitetiňizde ýagdaý nähili?

Ramazan Ýalan: Elbetde, talyplar biziň uniwersitetimize hem orta mekdebi tamamlandygy hakyndaky şahadatnamasy we bahalarynyň transkripti bilen dokumentlerini tabşyryp bilerler. Şeýle-de olar TOEFL, IELTS ýaly halkara ekzamenlerine gatnaşan bahalary bilen hem uniwersitetimize arzalaryny tabşyryp bilerler.

Meselem, biziň uniwersitetimize türkmenistanly bir talyp orta mekdebi tamamlandygy hakyndaky şahadatnama we bahalarynyň transkripti bilen dokumentini tabşyran bolsa, onda onuň dokumenti studentiň okamak isleýän fakultetindäki komissiýa tarapyndan gözden geçirilýär. Komissiýa topary şol fakultete tabşyrylan arzalaryň ählisini gözden geçirip, studentleri bahalaryna görä bölümlere ýerleşdirýärler.

"Fatih" uniwersitetiniň howlusyndaky talyplar
"Fatih" uniwersitetiniň howlusyndaky talyplar
Azatlyk Radiosy: Uniwersitetiňize tölenmeli töleg barada gürrüň beräýseňiz?

Ramazan Ýalan: Umuman aýdanymyzda, uniwersitetimiziň okuw üçin tölegi fakultetden-fakultete görä üýtgeýär. Meselem, ortaça aýdanymyzda, inženerlik fakultetiniň bir ýyllyk tölegi $9000, edebiýat fakultetiniňki bolsa $6500, ýagny fakultete we bölüme görä, bahalar üýtgeýär.

Azatlyk Radiosy: Uniwersitetiňiz tarapyndan talyplara maliýe hemaýaty berilýärmi?

Ramazan Ýalan: Elbetde, biz orta okuwyny üstünlikli tamamlan talyplara maliýe hemaýatyny hem berýäris. Ilki bilen bellemek isleýän zadym, bize “TUBITAK Burs" programmasy boýunça stipendiýaly okamaga mümkinçilik gazanan talyplar hem dokumentlerini tabşyryp bilerler.

Ondan daşgary, bahalarynyň transkripti ýokary bolan talyplar hem transkriptiniň kopiýasyny bize email arkaly ugradyp, maliýe hemaýaty üçin ýüzlenip bilerler. Studentleriň şol bahalarynyň transkriptini hem uniwersitetiň ýolbaşçylary gözden geçirýärler we şoňa görä netijä gelip, studentlere maliýe hemaýatyny berýärler.

Türkiýäniň Istanbul şäherindäki "Fatih" uniwersitetiniň okuw jaýlary
Türkiýäniň Istanbul şäherindäki "Fatih" uniwersitetiniň okuw jaýlary
Azatlyk Radiosy: Ramazan Ýalan, diýeli, türkmenistanly bir talybyň bahalarynyň sanawynyň jemini 100 bal boýunça alanymyzda, 95-e, 98-e ýa-da 100-e barabar. Şeýle transkriptiň, ýagny bahalaryň eýelerine nähili maliýa hemaýatlary berilýär?

Ramazan Ýalan: Şeýle ýokary bahaly transkriptler üçin hem komissiýalar döredilýär. Meselem, biziň uniwersitetimize transkriptiniň bahasy 100 bal bolan 10 sany dürli-dürli ýurtdan studentler dokumentlerini tabşyrýarlar. Uniwersitetimiziň komissiýasy şol dokumentleriň ählisini gözden geçirip, şoňa görä studentlere maliýe kömegini berýär.

Azatlyk Radiosy: Siziň berýän maliýe kömegiňiz bilen okamaga başlan studente nähili ýeňillikler berilýär?

Ramazan Ýalan: Biziň uniwersitetimizde 100%-lik we 50-%-lik maliýe hemaýaty berilýär. 100%-lik berilýän maliýe hemaýatynda talyplaryň okuw üçin töleýän tölegleri doly uniwersitet tarapyndan tölenýär. Ýagny, olar uniwersitetde okamak üçin hiç hili pul tölemeýärler. Häzriki wagtda biziň maliýe kömegimizden peýdalanýan türkmenistanly talyplar hem bar.

Azatlyk Radiosy: Ramazan Ýalan, ortaça aýdanyňyzda, şu ýyl Fatih uniwersitetine näçe türkmenistanly talyp arzalaryny tabşyrdy?

Ramazan Ýalan: Häzriki wagtda biziň uniwersitetimizde 40-dan gowrak türkmenistanly talyp okaýar. Şu ýyl hem uniwersitetimize 20-den gowrak türkmenistanly talyp arzalaryny tabşyrdy. Ýöne biz şu wagt hem dokumentleri kabul edýäris. Dokumentleri kabul edişlik 19-njy iyula çenli dowam eder.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanly studentler näme üçin ýokary okuwyny Fatih uniwersitetinde okamaly?

Ramazan Ýalan: Sebäbi Türkiýe bilen Türkmenistan dogan ýurt. Iki ýurduň dili bir, medeniýeti bir. Şol sebäpden Türkiýä okamaga gelen türkmenistanly studentleriň aragatnaşykda hiç hili problemalary bolmaz. Şeýle-de, gepleşigimiziň başynda hem belläp geçişim ýaly, biziň uniwersitetimizde 109 ýurtdan talyp okaýar.

Bu hem 109 görnüşdäki medeniýeti tanamak diýmegi aňladýar. Şeýle köp medeniýetli uniwersitetiň uçurymy bolmak, dünýä üýtgeşik garamak diýmegi aňladýar. Bu hem Türkmenistandan we beýleki ýurtlardan gelen studentlerimiz üçin gowy mümkinçilik diýip pikir edýärin.
XS
SM
MD
LG