Sepleriň elýeterliligi

logo-print

ABŞ goşun çykarmak meselesine garaýar


Ak Tamyň metbugat wekili Jaý Karneý, Waşington.

Ak Tamyň metbugat wekili Jaý Karneý, Waşington.

Ak Tam prezident Barak Obamanyň, 2014-nji ýylda amerikan goşuny Owganystandan çykarylansoň, bu ýurtda galdyryljak harby kontingentiň näçe esgerden ybarat boljakdygy barada entek karar çykarmandygyny habar berdi.

Ak Tamyň metbugat wekili Jaý Karneý sişenbe güni eden bu çykyşynda Obamanyň göz öňünde tutýan kararlarynyň arasynda Owganystanda harbylaryň hiç birini galdyrmazlyk mümkinçiligine-de garalýandygyny aýtdy.

Özara maslahat

Jaý Karneýiň sözlerine görä, ABŞ-nyň 2014-nji ýyldan soň Owganystanda galdyrmakçy bolýan goşunynyň möçberi owgan hökümeti bilen maslahat edilmeli.

Karneýiň bu kommentarileri habar serişdelerinde ABŞ-nyň indiki ýylda Owganystandan ähli goşunlaryny çykarmakçy bolýandygy baradaky maglumatlar köpelensoň peýdan boldy. Muňa amerikan prezidenti Barak Obama bilen owgan prezidenti Hamid Karzaýyň arasynda gapma-garşylyklaryň güýçlenmeginiň sebäp bolandygy çak edilýär.

Şol bir wagtda-da Karzaýyň metbugat wekili Aimal Faiziniň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, amerikan goşunlarynyň Owganystandan doly çykarylmagy bilen bagly mesele entek maslahat edilmändir.

Talyban meselesi

Jaý Karneýiň kommentarileriniň öňüsyrasynda hepdäniň sişenbe güni ”Talyban” hereketiniň Dohadaky öz edarasyny ýapýandygy barada habar berildi. Bu edara arkaly Owganystanda parahatçylyk boýunça gepleşikleri geçirmek göz öňünde tutulypdy.

”Talyban” hereketiniň resmileri edaranyň ýapylmagynyň düýp sebäbiniň edaranyň jaýyndan ”Talybanyň” baýdagynyň we “Owganystanyň yslam emirligi” diýen ýazgynyň aýrylmagyna garşy protest bilen baglydygyny aýdýarlar.

Karzaýyň hökümeti “Talyban” hereketiniň sürgünlikdäki hökümeti döretmek isleýändigini aýdyp, bu simwollaryň agzalýan edara jaýyndan aýrylmagyny talap etdi.
XS
SM
MD
LG