Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: “Şa gyzy” gaçakçylykda aýyplanýar


ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynda “şa gyzy” diýip atlandyrylýan saudyly zenan adam gaçakçylygyny etmekde aýyplanýar.

Orange Country etrap aklawçysynyň aýtmagyna görä, Mişel Alaýban günäli tapylan halatynda 12 ýyl türme tussaglygyna höküm ediler.

Alaýban çarşenbe güni geçirilen suda gatnaşmady. Oňa 5 million amerikan dollarlyk girew kesgitlendi.

Alaýban kenýaly eli çemodanly bir zenanyň awtobusy saklamagynyň yzýany tussag edildi. Awtobusdaky ýolagçylaryň biri kenýaly zenanyň polisiýa bilen habarlaşmagyna kömek edipdir.

Polisiýanyň berýän maglumatyna görä, kenýaly zenan 2012-nji ýylda Alaýbana işlemegi üçin işe alynyp, Saud Arabystanyndaky aeroporta baran dessine hem pasporty elinden alynypdyr.
XS
SM
MD
LG