Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Kanada: Heläkçilikde ölenleriň sany 50-ä ýetdi


Kanadanyň resmileri Kebekde relsden agan otly heläkçiliginden soň ýitirim bolan 30 adamy öldi diýip hasaplaýandyklaryny aýtdylar.

Şenbe güni Lak-Meganitik şäherinde bolan bu wakada jesedi tapylan 20 adam göz öňünde tutulanda, ölenleriň jemi sany 50-ä ýetdi.

ABŞ-nyň demir ýol kompaniýasynyň başlygy, otlynyň hereketini togtadýan ulgamy talabalaýyk goýmandygy sebäpli bu wakada inženeri aýyplady.

Köliň gyrasyndaky taryhy merkezde bolan wakada onlarça jaý, şol sanda içi adamdan doly bolan meşhur bar weýran boldy.
XS
SM
MD
LG