Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: BMG-niň resmileri Damaska barýar


BMG-niň iki resmisi Siriýada edildi diýilýän himiki hüjümleriň derňewleri barada gepleşik geçirmek üçin Siriýanyň paýtagty Damaska sapar ederler.

BMG-niň berýän maglumatyna görä, agzalýan guramanyň himiki ýaraglar toparynyň ýolbaşçysy Ake Sellstorma we guramanyň ýaragsyzlandyrmak boýunça ýolbaşçysy Angela Kane Siriýanyň häkimiýeti tarapyndan çakylyk gelip gowuşypdyr.

Çarşenbe güni Siriýanyň oppozision milli koalisiýasy, Orsýetiň siriýaly söweşijileriň sarin gazyny ýasap, mart aýynda Aleppo şäheriniň çetinde himiki ýaragly hüjümleri amala aşyrandygy baradaky aýyplamalaryny ret edipdi.

Penşenbe güni Orsýetiň BMG-däki ilçisi Witaliý Çurkin aýyplamalaryň Orsýetiň ylmy barlaglar analizine esaslanýandygyny aýtdy.

Mart aýynda Allepponyň çetindäki Han al-Assal şäherindäki hüjümde 20-den gowrak adam ölüpdi.

Şol wakada hökümet we söweşijiler bir-birlerini himiki ýaraglary ulanmakda aýyplapdylar.
XS
SM
MD
LG