Sepleriň elýeterliligi

Nawalny tussag edilip, goýberildi


Orsýetde oppozisioner, şeýle-de Moskwanyň häkimi wezipesine dalaşgär Alekseý Nawalny ýurduň polisiýasy tarapyndan tussag edildi we gysga wagtdan soň azatlyga goýberildi.

Çarşenbe güni Orsýetiň polisiýasy Nawalnyny tussag edip, ony ulaga mündürende, ol Moskwa şäheriniň saýlaw komissiýasynyň edarasyndan çykyp barýardy.

Nawalnyý tussag edilenden birnäçe minut soň, Moskwanyň polisiýasy ondan ötünç sorap, ony goýberdi.

Polisiýa Nawalnyny tussag edende, ol Moskwa şäheriniň saýlaw komissiýasynyň edarasyna sentýabr aýynda geçiriljek hakimlik saýlawlaryna gatnaşmak üçin dokumentlerini tabşyrmaga barypdy.

Şu wagta çenli 40 töweregi adam, şol sanda häzirki wagtda Moskwanyň häkimi wezipesinde işleýän Sergeý Sobýanin hem Orsýetiň paýtagtynyň häkimi wezipesine dalaş etmäge meýillidigini yglan etdi.

Moskwa şäheriniň saýlaw komissiýasynyň edarasy Orsýetiň paýtagtynyň häkimi wezipesine dalaş etjekleriň dokumentleriniň ahyrkysyny çarşenbe güni kabul etdi.
XS
SM
MD
LG