Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Howpsuzlyk başlygy öldürildi


Pakistanyň prezidenti Asif Ali Zardariniň howpsuzlyk gullugynyň başlygy ýurduň günortasyndaky Karaçi şäherinde öldürildi.

Pakistanyň polisiýasynyň çarşenbe güni beren maglumatyna görä, howpsuzlyk gullugynyň başlygy Bilal Şeih bronly maşynyny saklap, dükandan haryt almak üçin ulagyndan çykanda öldürilipdir.

Polisiýa bu hüjümde Şeihiň sürüjisiniň we dükandaky satyjynyň hem öldürilendigini habar berýär.

Mundan ozal geçen ýyl hem Şeihiň janyna kast etmäge synanyşylypdy. Ol şonda halas bolupdy.

Geçen aý premýer-ministr Nawaz Şarifiň wezipesine girişmeginiň yzýany bilen Pakistanda ençeme bombaly hüjümler amala aşyryldy.

Ýadro ýaragly Paksitanyň hökümeti soňky on ýyl bäri hüjümleri dowam etdirýän “Talyban” hem-de “Al-Kaida” söweşijilerini henize çenli hem boýun egdirip bilmedi.
XS
SM
MD
LG