Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prokurorlar nähili kemçilik goýberdi?


(Çepden) Baş prokuror Ý.Ýazmyradow, içeri işler ministri I.Mulikow we Türkmen döwlet serhetler gullugynyň başlygy A.Garaýew howpsuzlyk maslahatynda, Aşgabat, 1-nji awgust, 2012 ý.
(Çepden) Baş prokuror Ý.Ýazmyradow, içeri işler ministri I.Mulikow we Türkmen döwlet serhetler gullugynyň başlygy A.Garaýew howpsuzlyk maslahatynda, Aşgabat, 1-nji awgust, 2012 ý.
Türkmenistanyň resmi habarlarynda aýdylmagyna görä, prezident G.Berdimuhamedow çarşenbe güni Lebap welaýatynyň, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň, Mary welaýatynyň Altynsähra etrabynyň, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň prokurorlaryny işde goýberen kemçilikleri üçin işden boşadypdyr.

Mundan başga, Balkan welaýatynyň, Mary welaýatynyň prokurorlaryna işde goýberen kemçilikleri üçin berk käýinç we duýduryş berlipdir.

Azatlyk Radiosyndan Ýowşan Annagurban Aşgabatda ýaşaýan hukukçy žurnalist Aşyrguly Baýryýewe bu prokurorlaryň işde goýberen kemçilikleri, umuman Türkmenistanyň prokuratura edaralarynda giň ýaýran hasaplanýan korrupsiýa we bu barada resmi metbugatda dymylmagynyň mümkin bolan sebäpleri hakynda birnäçe sorag berdi.

Söhbetdeşligi diňläp, bu mesele barada pikirleriňizi ýazsaňyz, hoşal bolardyk.

XS
SM
MD
LG