Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: Pugaçýowda dartgynlyklar artýar


Günorta Orsýetdäki şäherçe etniki dartgynlyklaryň merkezine öwrülýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:48 0:00

Günorta Orsýetdäki şäherçe etniki dartgynlyklaryň merkezine öwrülýär

Orsýetiň günortasynda ýerleşýän şäherçede bir adam pyçaklanyp öldürilensoň, birnäçe günläp dowam eden protestler başlandy we ýerli halk öz şäherçelerinden etniki çeçenleriň başga ýere göçürilmegini talap edýär.

Orsýetiň Pugaçýow şäherçesinde bir etniki çeçen golaýda harby gullukdan boşap gelen bir oglany pyçaklap öldürdi. Munuň netijesinde şäherçede dörän dartgynlylyk entegem dowam edýär.

Agzalýan şäherçede resmi taýdan hasaba alynmadyk etniki çeçenler bar. Olaryň durnukly işleri hem ýok. Pajygaly wakanyň bolan gijesinden bäri, ýagny 7-nji iýuldan bäri ýerli ýaşaýjylar köçede. Olaryň hemmesi şäherçedäki etniki çeçenleriň başga ýerlere göçürilmegini talap edýärler.

“Göçüriň olary, göçüriň olary, göçüriň olary...”

Polisiýa demonstrasiýalary gözegçilik astynda saklamagy başardy. Mysal üçin, wakanyň bolan ýeriniň golaýynda çeçenleriň üýşýän kafesi bar. Şol kafe ot berilmeginiň öňi alyndy. Ýa-da bolmasa, halkyň üýşüp baryp, häkimlik edarasynda topalaň turuzmagynyň hem öňi alyndy. Ýöne protestçiler Saratow bilen Wolgograd şäheriniň arasyndaky uly ýoly yzygiderli ýapýarlar. Olar öz talaplarynyň yzynda soňuna çenli durjakdyklaryny aýdýarlar.

Ýakynda Desant goşunynda harby gullugyny dynyp gelen 20 ýaşly, ýarym tatar ýarym ors Ruslan Maržanow özara düşünişmezlikden soň pyçaklanyp öldürildi.

Polisiýa bu waka bilen baglanyşygy bolan 16 ýaşly etniki çeçeni saklady. Aýdyşlaryna görä, ol jenaýaty boýun alypdyr. Habar berilmegine görä, oglanlaryň ikisi hem içgili ekeni we özara dawa gyz üstünde turupdyr.

8-nji iýulda, Maržanowy soňky ýoluna ugradanlaryndan soň, ýüzlerçe ýerli ýaşaýjy çeçenleriň ýaşaýan ýerlerine baryp, köçede goh-galmagal turuzdylar. Häkimiýetler halky asudalyga çagyryp, wakanyň etniki çaknyşyk bilen bagly däldigini tekrarlaýarlar. Maržanowyň kakasy pajygaly wakanyň sebäbini “arakdan” görýär. Ozalam Maržanowyň Pugaçýowdaky ähli etniki toparlardan dostlary bolan ekeni.

Muňa garamazdan, soňky bolan pajygaly waka adamlara şol bir kafede 2010-njy ýylda pyçaklanyp öldürilen etniki ors Nikolaý Beşnýakowy ýatlatdy. Ony Beslan Mudaýew atly şäherçä soňky döwürde göçüp gelen çeçen pyçaklapdy we şondan soň ol 10 ýyl türme tussaglygyna höküm edilip, azatlykdan mahrum edilipdi.

Ýerli ilat

Pugaçýow şäherçesiniň ilat sany 40.000 adam, ol durnuksyz Demirgayk Kawkaz regiony, musulmanlaryň agdyklyk edýän ýeri Tatarystan respublikasy bilen günbatar Gazagystanyň arasynda gysylyp otyr. Bu ýerde ilatyň esasy bölegi etniki orslar, emma şol bir wagtyň özünde şäherçede 3500 sany tatar bilen 100-e golaý çeçen hem ýaşaýar.

Ýerlileriň köpüsiniň we käbir bilermenleriň aýtmagyna görä, Maržanowyň ölümi Kawakazdan we Orta Aziýadan göçüp gelen adamlara etniki orslara abanýan howp hökmünde garaýanlar tarapyndan ulanylypdyr.

Pugaçýowyň ymamy, etniki tatar Rustam Gilmutdinow Azatlyk Radiosyna gürrüň bereninde, bu ýerdäki wakalara prowokatorlaryň gatnaşandygyny aýtdy. Şäheriň onsuzam dartgynly ýagdaýynda olaryň islendik kiçijik uçguny uly göwrümli konfliktlere öwürmek üçin jan edýändiklerini hem ymam öz sözüniň üstüne goşýar.

Milletçiler

Ýerli häkimiýetlerem, Moskwadaky resmilerem wakanyň iç ýüzüni derňejekdiklerini, protestleriň sebäplerini hem anyklajakdyklaryny aýtdylar.

Orsýetde etniki gatnaşyklara syn edýän Sowa merkeziniň synçysy Wera Alperowiç şuňa meňzeş wakalaryň milletçiler tarapyndan ekspluatasiýa edilýändigini we şeýle wakalaryň ýuduň içinde yzygiderli bolup durýandygyny aýtdy: “Aslynda şeýle wakalar ýurtda her aýyň dowamynda 2-3 gezek bolýar. Men ors milletçileriniň habarlaryna syn edýärin welin, olar elmydam şeýle konfliktleri sypdyrman berýärler. Olar wakalara giň gerim berip, üns merkezinde saklajak bolýarlar we yzly-yzyna habarlar berýärler. Olar üçin şeýle konfliktler Orsýetde özleriniň hökman bolaýmaly diýip hasaplaýan we sabyrsyzlyk bilen garaşýan etnik toparlaryň arasynda başlanjak söweşleriň başlangyjy”.

Onuň aýtmagyna görä, bu ýagdaýlar hökümetiň adamlarda "Russiýa Federasiýasynyň raýaty" diýen bütewi düşünjäni döretmekde alyp barýan ýalňyş syýasatynyň netijesi. Şeýle ýalňyşlyk gaty çuň hem içinden çüýrän [ýurtda] bölünişiklere ýol açdy.

“Hemmeleri öz içine alýan bütewi raýat şahsyýetiniň ýok ýerinde tebigy taýdan etniki şahsyýet döreýär we şondan soň ksenofobiýa diýip atlandyrylýan 'keseki duşmançylygy' we konfliktler ýüze çykyp başlaýar. Şeýlelikde ozalam köräp duran jemgyýetlerde dar gözýetimiň mahsus ýerlerinde, ýagny aýratynam kiçi şäherçelerde şeýle düşünişmezlikler bolagan bolýar.”

Pugaçýow şäherçesinde bolan soňky waka 2006-njy ýylda Kondopogada bolan meňzeş wakany ýada saldy. Şonda ýerli restoranlaryň birinde iki sany etniki orsuň etniki çeçenler bilen gepleri azaşyp, çeçenler iki orsy öldüripdi.

bolanlary soňky ýola ugratmak çäresinden soň ýerliler köçä çykypdy. Moskwadan ors milletçileri sürlenişip, şäherçä dökülip gelip, ýerli häkimiýetlerden çeçenleri başga ýere göçürmegi talap edipdiler. Netijede bu ýerde birnäçe hepdeläp dartgynly ýagdaý dowam edipdi.

Çeçenler

Şeýle konfliktlere Kawaz ýurtlaryndan we Orta Aziýadan gelen etniki toparlar gatnaşan hem bolsalar, soňky 20 ýylda Çeçenistan bilen bolan iki söweş we häzirki wagtda Demirgazyk Kawkazda dowam edýän gozgalaň Orsýetdäki etniki söweşlerde diňe çeçenleri sebäpkär edip görkezýär.

Hukukçy Ebusufýan Gaýtaýew şeýle diýýär: Elbetde, Orsýetde soňky döwürlerde çeçenler ors jemgyýetiniň ynjyk bölegine öwrüldi. Bu ýagdaý hem çeçen söweşleriniň netijesidir. Şol söweşler orslarda çeçenlerden gorky döretdi we hut şonuň üçin hem häzirki wagtda iki sany çeçen bilen orsuň arasynda turan dawa-jenjele iki adamyň arasyndaky konflikt hökmünde garamaýarlar. Muňa iki duşmanyň arasynda dörän konflikt hökmünde garalýar we bu duşmançylyk has çuňňur duşmançylykdyr“.

Sankt-Peterburgdaky Etnografiýa institutynyň ylmy işgäri Walentina Uzynowa Pugaçýowda we beýleki ýerlerde dörän dartgynlyklaryň aňyrsynda düýpli problemalaryň ýatandygyny aýdýar. Ol tutuş ors jemgyýetindäki sosial gatnaşyklarda dörän ownuk çöküşiň nesilleriň arasynda, gatlaklaryň we sosial toparlaryň arasyndaky gatnaşyklara täsir etmeginden gorkýar.

Adamyň tebigatyna dogry gelmeýän käbir aýylganç wakalaryň gündelik habarlarda peýda bolmagy bilen, olar ors jemgyýetindäki çöküşiň eýýäm başlandygyny aýdýar. Gyz üstündäki goh-galmagalyň soňunyň pyçaklaşma baryp bilýändigini aýdyp, ol şeýle diýýär: “Bizde empatiýa, ýagny duýgudaşlyk ýok. Ýürekdeşlik, ynam, merhemet we rehimlilik duýgularynyň ýok ýerinde adamçylykly gatnaşyklardan söz açmak mümkin däl”.
XS
SM
MD
LG