Sepleriň elýeterliligi

Sud merhum Magnitskini günäli tapdy


Sergeý Magnitskiniň mazary, Moskwanyň Preobraženskoye gonamçylygy, 11-nji mart, 2013.

Sergeý Magnitskiniň mazary, Moskwanyň Preobraženskoye gonamçylygy, 11-nji mart, 2013.

Moskwanyň sudy 2009-njy ýylda tussaglykda ýogalan aklawçy Sergeý Magnitskini günäli tapdy. “Hermitage Kapital” inwestision fondda işlän 37 ýaşly Magnitskiniň tussaglykda urlup-ýenjilmegi we medisina kömeginden mahrum edilmegi zerarly ýogalandygy çak edilýär. Orsýetde merhum adam ilkinji sapar sud edilýär. Bu waka ýurtda adam hukuklarynyň we kanunyň hökmürowanlygynyň depelenmegine degişli bildirilýän aladalanmalary güýçlendirdi.

Sergeý Magnitskiý Orsýetiň döwlet resmileriniň we polisiýasynyň 230 million dollar möçberindäki salgyt hilegärliklerine gatnaşanlygynyň üstüni açansoň, 2008-nji ýylda salgytdan gaçmakda aýyplanypdy.

Sud diňlenişigi

Magnitskiniň 11 aýyň dowamynda tussaghanada saklanmagy we 2009-njy ýylda tussaglykda ýogalmagy halkara derejesinde protest döredipdi. ABŞ Magnitskiniň tussag edilmegine gatnaşygy bolan orsýetli resmilere garşy sanksiýalary girizdi.

Sudda Magnitskiý tarapynyň roluny suduň bellän döwlet aklawçysy ýerine ýetirdi. Merhumyň garyndaşlary suda gatnaşmadylar.

Mzgnitskiniň aýaly Nataliýa Žarikowanyň aklawçysy Dmitriý Haritonow Magnitskiniň suduna reaksiýa bildirip, Azatlyk Radiosynyň Ors gullugy bilen eden söhbetdeşliginde sud işine galplyk hökmünde garaýandygyny we şonuň üçin suda gatnaşmakdan ýüz öwürýändigini aýtdy.

Browderiň “günäsi”

Orsýetiň sudy penşenbe güni geçiren diňlenişiginde “Hermitage Kapital” edarasynyň başlygy William Browderi 17 million dollar mukdarda salgytdan gaçmakda günäli tapdy.

Penşenbe güni sudýa Igor Alisow Browderi dokuz ýyllap umumy režimli koloniýa höküm etdi we onuň “Orsýetiň giňişliginde üç ýyllap biznes etmek mümkinçiliginden-de mahrum edilýändigini” yglan etdi.

ABŞ-da doglan britaniýaly inwestor Browder gaýybana sud edildi. Ol korrupsiýa garşy çykyş edip, Magnitskiniň ölüminde günäli diýip hasap edilýän orsýet resmilerine garşy gurnalan halkara kampaniýasyna ýolbaşçylyk edýär.

Şol bir wagtda-da Orsýetiň Browderi tussag etmek mümkinçilikleri çäkli.

Browder Britaniýada ýaşaýar. Interpol ony halkara gözleg sanawyna salmakdan boýun gaçyrýar we onuň işini syýasy iş diýip atlandyrýar.

Merhumyň suda çekilmegi

Sergeý Magnitskiý tussaglykda bolan döwründe özüne medisina kömeginiň berilmeýändigini aýdypdy.

Gepatit we gant kesellerinden ejir çeken we ýürek keselli Sergeý Magnitskiý türme resmileriniň ony Browdere garşy şaýatlyk etmäge we ony salgytdan gaçmakda aýyplamaga mejbur etmekçi bolandyklaryny hem gürrüň beripdi.

Kremliň Adam hukuklary boýunça geňeşi-de Magnitskiniň türmede urlup-ýenjilendigini tassyklapdy.

Emma Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Magnitskiniň türmede zorluga sezewar edilendigini ret etdi we onuň ýüreginden tutup ölendigini aýtdy.

Orsýetiň resmileri Magnitskiý ýogalansoň, ozal ony salgytdan gaçmakda aýyplap gozgan işlerini ýapypdylar. Emma ýurtda 2011-nji ýylda ölen adamlaryň-da sud edilmegine mümkinçilik berýän täze kanun kabul edilensoň, Magnitskiniň işi gaýtadan açylypdy.

Resmi taýdan alanyňda, bu täze kanun merhumyň garyndaşlaryna öz hossarynyň adyny aklamaga mümkinçilik berýär.

Merhum Sergeý Magnitskiniň işiniň gaýtadan gozgalmagy adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalar tarapyndan ýazgaryldy. Raýat jemgyýetçiligi Magnitsiniň sud işini bikanun diýip atlandyrdy we muňa merhumyň garyndaşlaryndan razylygynyň soralmandygyny nygtady.
XS
SM
MD
LG