Sepleriň elýeterliligi

Rahman: 'Türkmenleriň ýeňişi begendirýär'


Kazanda halkara tomusky uniwersiadalaryň açylyş dabarasy geçirilýär. 6-njy iýul, 2013 ý.

Kazanda halkara tomusky uniwersiadalaryň açylyş dabarasy geçirilýär. 6-njy iýul, 2013 ý.

Russiýa federasiýasynyň Kazan şäherinde 6-17-nji iýul aralygynda bütindünýä tomusky uniwersiadalar geçirilýär. Bu ýyl onuň 27-njisi geçirilip, oňa dünýäniň jemi 162 ýurdundan türgenler gatnaşýar.

Kazanda geçirilýän bütindünýä tomusky uniwersiadalaryň ýörite websahypasynda berilýän maglumata görä, bu ýyl ýaryşa Türkmenistandan jemi 87 sany türgen we üç sany hem umumy türkmen komandasy gatnaşýar.

11-nji iýulda berlen maglumata laýyklykda, şol ýaryşda hem türkmen türgenleri gyzyl medal sany boýunça dünýäniň 38 ýurdundan saýlanyp on üçünji ýerde barýar.

Ýaryş häzirki wagtda gyzgalaňly dowam edýär. Eýsem, bu ýaryşa Kazanda okaýan hem-de ýaşaýan türkmenler nähili janköýerlik edýärler?

Azatlyk Radiosy bu barada häzirki wagtda Kazanda okap ýören türkmen talyby Rahman bilen söhbetdeş boldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG