Sepleriň elýeterliligi

Meňli: Gyzymyň aýagyny zaýaladylar


Medisina işgäri, Türkmenistan.

Medisina işgäri, Türkmenistan.

Türkmenistanda saglygy saklaýyş ugrundan nobatdaky resmi çäreleriniň birnäçesi geçirildi.

Hususan-da, Saglygy saklaýyş ministrliginde “Ilatyň 2013-2107-nji ýyllarda sagdyn iýmitlenmegi barada döwlet programmasynyň” durmuşa geçirilmegi boýunça maslahat geçirilipdir. Saglygy saklaýyşa jogapkär resmiler ýurtda ýod ýetmezçiligi bilen bagly keselleriň öňüni almak meselesine uly üns berýändiklerini habar beripdirler.

Şeýle-de, ýakyn günlerde Aşgabatda transport geçelgelerinde sanitar normalaryň berjaý edilişi boýunça halkara seminary hem geçirildi.

Häzirki wagtda Türkmenistanda ilatyň esasy medisina hyzmatlaryndan peýdalanmak mümkinçilikleri nähili?

Azatlyk Radiosy türkmenistanly Meňli bilen söhbetdeşlik geçirdi.

XS
SM
MD
LG