Sepleriň elýeterliligi

Kosowa serblere amnistiýa yglan etdi


Kosowanyň parlamenti hökümete garşy gozgalaňçylyk işlerini alyp baran serblere amnistiýa yglan etdi.

Amnistiýa 2008-njy ýylda Kosowanyň Serbiýadan bölünip aýrylanyndan soň, ýerli hökümete garşy iş alyp baran serblere degişlidir.

Penşenbe güni bolan ses berilişikde Kosowanyň 120 agzalyk parlamentiniň 90 wekili amnistiýany goldap, ses berdi. Kanun taslamany diňe oppozisiýadaky “Wetewendosýe” (“Özygtyýarlylyk”) partiýasy makullamady.

Amnistiýa baradaky kanun taslama, ÝB-niň araçylyk etmeginde, iki taraplaýyn gatnaşyklary gowulandyrmak ugrundaky tagallalaryň çäginde kabul edildi.
XS
SM
MD
LG