Sepleriň elýeterliligi

Yrakda 40 adam öldürildi


Yrakda penşenbe güni ýüze çykan hüjümleriň netijesinde azyndan 40 adamyň ölendigi habar berilýär.

Hüjümçileriň Bagdatdan 200 km. demirgazykda ýerleşýän Haditha we Baiji sebitlerindäki barlag-gözegçik nokadyna ot açanda, 11 adam heläk boldy.

Paýtagtyň 80 km. demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Mukdadiýa şäherinde partladylan ulagyň netijesinde hem 11 adam öldi.

BMG-niň berýän maglumatlaryna görä, iýunda Yrakda söweşijileriň hüjümi netijesinde 761 adam öldürilipdir.

2006-2007-nji ýyllarda bu görkeziji has ýokary bolup, şol wagtlar her aý 3 müňe çenli adam öldürilýärdi.
XS
SM
MD
LG