Sepleriň elýeterliligi

Irlandiýada ilkinji gezek aborta rugsat berildi


Irlandiýanyň parlamenti belli bir şertlerde çagany düşürdip bolýandygy baradaky kanun taslamany goldap, ilkinji gezek ses berdi.

Anna güni geçirilen ses berilişikden öň, katolik adatlaryny berk berjaý edýän Irlandiýada bu mesele boýunça ýiti çekişmeler bolupdy.

Kabul edilen kanuna görä, eger-de lukmanlar göwreli aýalyň janyna howp abanýandygy barada netijä gelseler, diňe şol ýagdaýda aýala çagasyny aldyrmak rugsat edilýär.
XS
SM
MD
LG