Sepleriň elýeterliligi

Gazagystan: Almatyda syýasy aktiwistler tutuldy


Gazagystanda oppozisiýadaky “Azat” partiýasynyň başlygy Bolat Abilow we oppozision aktiwist Marat Žanuzakow tussag edildi.

Iki syýasatçy anna güni öňdebaryjy oppozision toparlarynyň maslahatynyň öňýany tussaglyga alyndy. Bu maslahata gatnaşmak üçin ýurduň dürli künjeklerinden onlarça adam ýygnanypdy.

Penşenbe güni Almatynyň Maliýe polisiýasy ençeme oppozision aktiwistini olaryň oppozisiýadaky bank işgäri Muhtar Abliýazow bilen gatnaşyklary boýunça sorag etdi.

Almatynyň Maliýe jenaýatlary we korrupsiýa garşy göreşýän edarasy Azatlyk Radiosyna Abilow bilen Žanuzakowyň tussag edilendigini tassyklady. Başga goşmaça maglumat almak başartmady.
XS
SM
MD
LG