Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: Gozgalaňçy komandir öldürildi


Siriýanyň Azat armiýasy oppozision toparynyň berýän maglumatyna görä, “Al-Kaýda” ilteşikli bir topar gozgalaňçylaryň bir komandirini öldüripdir.

Oppozision toparyň metbugat wekili Louaý al-Mokdad anna güni çykyş edip, Kamal Hamaminiň “Yragyň yslam döwleti” topary tarapyndan Latakia şäherinde öldürilendigini aýtdy.

Düýbi Britaniýada ýerleşýän Siriýanyň adam hukuklary boýunça synçy toparynyň maglumatyna laýyklykda, Hamami penşenbe güni iki toparyň arasyndaky çaknyşykda öldürilipdir.

Mokdad Hamaminiň öldürilmegi bilen, aram we radikal toparlaryň arasyndaky bölünişigiň has-da artmagynyň mümkindigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG