Sepleriň elýeterliligi

Müsürde täze hökümet düzülýär


Müsüriň wagtlaýyn premýer-ministri täze hökümeti düzmek boýunça ýekşenbe we duşenbe günleri gepleşikleri geçirjekdigini, netijede-de täze hökümetiň geljek hepdäniň içinde kasam kabul edip biljekdigini aýtdy.

Ozalky maliýe ministr Hazem el-Beblawi, harbylar 3-nji iýulda yslamçy prezident Mohammed Morsini häkimiýetden çetleşdirenden soňra, ýurduň wagtlaýyn premýer-ministri wezipesine bellenipdi.

Wagtlaýyn hökümet harbylaryň çyzan “ýol kartasy” esasynda ýurtda dünýewiligi dikelder.
XS
SM
MD
LG