Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Awazada" berlen konsertiň sapaklary


Amerikan pop ýyldyzy Jennifer Lopez "Awazada" aýdym aýdýar. 29-njy iýun, 2013.
Amerikan pop ýyldyzy Jennifer Lopez "Awazada" aýdym aýdýar. 29-njy iýun, 2013.
Meşhur amerikan aýdymçysy Jennifer Lopeziň awtoritar prezidentiň doglan gününde aýdym aýtmagy halkara habar serişdeleriniň ünsüni ozal görülmedik bir derejede Türkmenistana çekdi.

29-njy iýunda, Balkan welaýatynda geçýän Medeniýet hepdeliginiň çäginde, prezident G.Berdimuhamedowyň 56 ýaşynyň dolmagyna gabatlanyp guralan uly konsertde amerikan aýdymçysy bilen bilelikde türk, arap, ors, hytaý we türkmen aýdymçylary hem çykyş etdiler.

Bu konsert, görnüşinden, Türkmenistanda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dowamy hökmünde kabul edilmelidi. Emma ol, adam hukuklaryny goraýjylaryň, žurnalistleriň ýene bir gezek Türkmenistandaky hukuk problemasyna ünsi çekip, sungat wekilleriniň öz öňe sürýän gymmatlyklaryna wepaly bolmalydygyny ýatlatmaklaryna sebäp boldy.

Azatlyk Radiosy nobatdaky “Tegelek stol” söhbetdeşligini bu konsertiň ýerli halk tarapyndan garşy alnyşy, onuň Günbatar metbugatynda döreden gowry, şonuň ýaly-da sungat wekilleri we adam hukuklary baradaky meselä bagyşlady.

Oňa ýerli synçylar A.Bugaýew, N.Nurmämmedow, Germaniýada ýaşaýan türkmen žurnalisti Näz Dürli gatnaşdy.

XS
SM
MD
LG