Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýene bir nobat: Pasportda möhürleri täzelemeli


Pasport edarasyndaky nobat.
Pasport edarasyndaky nobat.
Aşgabadyň öňki Azatlyk we S.Nyýazow adyndaky etraplarynyň atlary üýtgedilensoň, şol etraplaryň ýaşaýjylary ýaşaýan ýeri baradaky ýazgynyň, ýagny pasportlaryndaky propiskanyň möhürini täzeden basdyrmaly edildiler. Köne möhüriň bolsa 10-njy iýuldan beýläk güýjüni ýitirendigi aýdylýar.

Munuň üçin şol etraplaryň hususy ýaşaýyş jaýlarynda ýaşaýanlar öý kitaplaryny we pasportlaryny, döwlete degişli ýaşaýyş jaýlarynyň eýeleri bolsa domuprawleniýeden sprawka alyp, pasporty bilen etraplaryň polisiýa bölümleriniň pasport stollaryna barmaly.

Daňdan 5-den başlanýan horluk

Häzir paýtagtyň bu iki etrabynyň polisiýa bölümleriniň pasport stollarynda nobatlar emele geldi. Öňki ady Azatlyk häzirki ady Berkararlyk etrabynyň ýaşaýjysy, 56 ýaşly Aşyrgeldi adamlaryň bu nobatlara daňdan sagat 5-de durmaga gidýändiklerini aýdýar.

“Adamlar yssy howada günüň aşagynda birnäçe sagat garaşyp durmaly bolýarlar. Nobata duranlar pasport stolunyň ýerleşýän otagyna-da syganok” diýip, Aşyrgeldi gürrüň berýär.

Türkmen pasporty
Türkmen pasporty
Özüni Wasiliý diýip tanadan şol etrabyň beýleki bir ýaşaýjysynyň aýtmagyna görä, pasportlaryna propiska baradaky täze möhüri basdyrmadyklaryň pensiýa we kömek pullaryny alyp bilmeýändiklerini aýdýar.

“10-njy iýuldan soň pasportlaryna propiska baradaky täze möhüri basdyrtmadyklara pensiýa we kömek pullarynyň berilmejekdigi aýdyldy. Şonuň üçin häzir bu etrabyň pasport stolunyň agzy adamlardan doldy” diýip, Wasiliý Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Günde ýüzläp adam nobata ýazylýar

Käbir ildeşlerimiziň aýtmaklaryna görä, öňki Azatlyk, häzirki Berkararlyk etrabynyň polisiýa bölüminiň pasport stolunyň öňündäki her günki nobat 250-300 adamdan ybarat. Hepdäniň çarşenbe güni günortan sagat 2-de bu etrabyň pasport stolunyň öňündäki nobat sanawynda 310 adamyň ady bardy. Ertesi gün üçin nobata bolsa 297 adamyň ady ýazylypdyr.

Öňki S.Nyýazow häzirki ady Bagtyýarlyk etrabynda hem ýagdaý tapawutly däl. Ol etrabyň hem ýaşaýjylary daň bilen nobatlara durmaly bolýarlar. Nobatlary adamlaryň özleri düzgünleşdirýärler. Her kim sanawa öz adyny ýazdyryp, nobata durýar.

Emma kähalatda şol sanaw üstünde dawa-jenjel bolýandygyny öňki S.Nyýazow, häzirki Bagtyýarlyk etrabynyň ýaşaýjysy Bagtygül gürrüň berýär. Onuň aýtmagyna görä, nobat sanawlary ýyrtylyp, täze sanaw düzülýänligi zerarly şol sanawy goramak üçin ýörite adam hem goýmaly bolýar.

"Guramaçylyk pes"

“Pasportlara täze möhür basdyrmak boýunça işiň guramaçylygy örän pes. Iň bolmanda pasport stolunyň iş wagty uzaldylyp, işgärleriniň sany köpeldilsedi. Ýogsam, adamlar ertesi günem nobata durmaly bolýarlar” diýip, Bagtygül aýdýar.
Öňki ady Azatlyk häzirki ady Berkararlyk etrabynyň ýaşaýjysy Aşyrgeldiniň pikiriçe, ady üýtgedilen etraplaryň ýaşaýjylarynyň pasportlaryna täze möhürleri basmak çäresi howlukmaçlyk bilen amala aşyrylýar.

Onuň pikiriçe, pasportlardaky öňki propiska baradaky möhürler iň bolmanda 2-3 aý ýatyrylmadyk bolsa gowy bolardy. “Ady üýtgedilen etraplarda müňlerçe adam ýaşaýar. Häzirki ýagdaý boýunça olaryň pasportlary hereket etmeýär. Olar täze möhüri basdyrjak bolsalaram birnäçe gün gerek bolar. Şonuň üçin ýuwaş-ýuwaşdan bu iş amala aşyrylsa, häzirki ýaly ýagdaý emele gelmezdi” diýip, Aşyrgeldi aýdýar.

Paýtagtyň Azatlyk we S.Nyýazow adyndaky etraplarynyň atlary 27-nji maýda Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen degişlilikde Berkararlyk we Bagtyýarlyk etraplary diýlip üýtgedildi.
XS
SM
MD
LG