Sepleriň elýeterliligi

Astana tankytçyny tutjak bolýar


Prezident N.Nazarbaeýew (S) we biznesmen Muhtar Ablýazow

Prezident N.Nazarbaeýew (S) we biznesmen Muhtar Ablýazow

Gazak häkimiýetleri bank ulgamynyň gaçgak işgäri we hökümetiň ýiti tankytçysy Muhtar Ablýazowy yzarlap, tutan maksadyna ýetip bilmedi.

Şonuň üçin hem indi oňa ýurtda döwlet emläginden bikanun peýdalanmak ýaly aýyplamalar bildiriler. Şeýlelikde, häkimýetler has giň gerimli iş alyp baryp, onuň maşgala agzalaryny we gatnaşýan adamlaryny burça gabamagy dowam edýär.

Gazak häkimýetleri döwletiň iň köp gözlenýän gaçgagyny tapmak üçin elinde baryny gaýgyrmajak ýaly.

Bank magnaty we syýasy oppozisioner Muhtar Ablýazow 2009-njy ýylda prezident Nursoltan Nazarbaýew bilen oňuşman ýurtdan gaçyp gidensoň, onuň häzirki ýerleşýän ýeri barada hiç hili maglumat ýok. Ýöne BTA bankynyň ozalky başlygy nirä barsa-da, onuň hyzmatdaşlary we gatnaşýanlary döwlet tarapyndan ýygnalýarlar.

Dünýäniň dürli künjeginden wagtal-wagtal eşidilýän Ablýazowyň gaçgaklyk hekaýasy indi Ispaniýada dowam edýär. Şu aý Ablýazowyň howpsuzlyk gullugynyň ozalky başlygyny Ispaniýa gazak häkimýetlerine tabşyrdy. Janpena Aleksandr Pawlow syýasy gaçybatalga sorap, Ispaniýa ýüz tutupdy.

Ýöne ol, Astananyň haýyşy boýunça, iýun aýynda tussag edildi. Pawlow gazak häkimiýetleri tarapyndan bank ulgamynda pyssy-pujurlykda we terrorizmde aýyplanyp, gözlenär.

Ekstradisiýa häýyşy ret edildi

Ablýazowyň syýasy ýarany Muratbek Ketebaýew 12-nji iýunda Polşada saklanandan soň bu meselede täze üýtgeşmeler peýda bolup başlady. Sorag edilenden soň, Ketebaýewi öz ugruna göýberdiler we gazak häkimýetleriniň ekstradisiýa haýyşy ret edildi.

Şol aýyň başlarynda Ablýazowyň aýaly we 6 ýaşly gyzjagazy Italiýadan deport edilipdi. Ablýazowyň maşgalasynyň şeýle ýagdaýa salynmagynda italýan sudy düýpli düzgün bozmalara ýol beripdi. Hatda döwletiň premýer-ministri hem bu ýagdaýy derňemegi tabşyrypdy.

Gazak sülçüleriniň aýtmagyna görä, Pawlow syýasy oppozisiýadaky aktiwist Muratbek Ketebaýew bilen bilelikde 2012-nji ýylyň marty aýynda birnäçe terror hüjümlerini planlaşdyrypdyr. Aýdyşlaryna görä, olar Almatydaky parklary we administratiw edara jaýlaryny nyşana alanmyşlar. Prokurorlar bu planyň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan ele salnandygyny öňe sürýärler.

"Hemme zat syýasat bilen baglanyşykly"

Muňa garamazdan, Pawlowyň tarapdarlary ýöňkelýän günäleriň esassyzdygyny we günä ýöňkeýänleriň prezident Nazarbaýewiň iň güýçli garşydaşy hasaplanýan Ablýazow barada maglumat almagy maksat edinýändiklerini özelenip gürrüň berýärler.

“Bu ýerde hemme zat syýasat bilen baglanyşykly bolup görünýär” diýip, Pawlowyň düýbi Madridde ýerleşýän hukuk toparynyň agzasy Mariýa Kosta Nuşe aýtdy.
Mariýa sözüni dowam etdirip, şeýle diýýär:

“Gazak häkimýetleri Muhtar Ablýazowyň özüni ele salyp bilmänsoňlar, olar onuň bilen gatnaşykdaky adamlary ýygnajak bolýarlar. Onuň aýalyny we çagasyny, Muratbek Ketebaýewi, aýratynam onuň ozlaky janpenasy Pawlowy diňe Ablýazow üçin ýygnadylar. Meniň pikirimçe, Pawlow şularyň içinde iň ejizidi, sebäbi ol ne-hä meşhur adam, ne-de syýasatçy.”

37 ýaşly Pawlow 1995-nji ýylda Ablýazowyň elinde işläp başlady. Ol Ablýazowyň Gazagystanda energiýa, söwda we senagat ministri bolup işlän döwründe onuň janpenasy bolupdy.

Syýasatdan çekilmek wadasy

Ablýazow 2002-nji ýylda, öz wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanýar diýlip, günäli tapyldy we 10 aý türme tussaglygyna höküm edildi. Şonda ol, syýasaty düýbünden taşlajakdygyny söz berensoň, azatlyga göýberildi. Ýöne Ablýazow BTA bankynyň başlygy hökmünde täzeden tanalyp başlan döwründe Pawlow ýene-de onuň howpsuzlyk gullugynyň başlygy wezipesinde işini dowam etdi. 2009-njy ýylda gazak häkimiýetleri BTA bankyny ýapyp onuň garşysyna iş gozganlarynda, Ablýazow Britaniýa gaçyp gitdi. Pawlow hem onuň yzyndan galmady.

Pawlowyň aklawçylary, eger ol Gazagystana ekstradisiýa edilse, onuň jebir-süteme sezewar bolmak ähtimallygynyň ýokarydygyny aýdýarlar. Sebäbi häkimýetler ondan Ablýazowyň ýerleşýän ýeri barada gymmatly maglumatlary alarys diyip çaklaýarlar.
Pawlow Ispaniýadan özüniň ekstradisiýa ediljekdigi baradaky karara garaşýar, Polşadaky Ketebaýew bolsa Astanadan Warşawa gelen ekstradisiýa haýyşynyň ret ediljekdigine doly ynanýar.

“Meniň pikirimçe, Gazagystan meni almak üçin köp kösenmeli bolar”.

Ablýazowyň hyzmatdaşlary bilen bagly aýyplamalaryň çäginde onuň esaslandyran, emma resmi taýdan hasaba alynmadyk “Alga” partiýasynyň dolandyryjylarynyň birine-de günä ýöňkelýär. Ol 2011-nji ýylda günbatar Gazagystanda ýerleşýän Žanaözen şäherinde bolan çykyşlary möwjetmekde we hökümeti agdarmak üçin sosial çaknyşyklary gurnamakda aýyplanýar.

Howul-hara edilen iş barlanmaly

Şu hepde Italiýanyň premýer-ministri Enriko Letto parlamentde eden çykyşynda Ablýazowyň aýaly Alma Şalabaýewanyň we gyzy Aulanyň howul-hara deport edilmegini täzeden barlamagy buýurdy.

Olar 29-njy maýda Rimiň eteginde ýerleşýän willalaryndan polisiýa tarapyndan çykarylyp, ertesi güni Gazagystana ugradylypdylar. Munuň sebäbi-de olaryň galp dokumentleri peýdalanýanlygy diýlip düşündirilipdi.

Maşgalanyň hukukçylary eneli-gyzyň Ýewropa Bileleşiginiň düzümindäki ýurtlarda çykarylan degişli dokumentleriniň bardygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG