Sepleriň elýeterliligi

Goşun çykarmak plany anyk däl


ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Jeýms Dobbins.

ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Jeýms Dobbins.

ABŞ-nyň Owganystandaky baş wekiliniň sözlerine görä, prezident Barak Obama amerikan goşunlarynyň Owganystanda 2014-nji ýyldan soňra-da galmagyna degişli mümkinçilikleri henize çenli hem öwrenmegini dowam etdirýär.

ABŞ-nyň Owganystan we Pakistan boýunça ýörite wekili James Dobbins penşenbe güni Senatyň Daşary gatnaşyklar boýunça komitetinde eden çykyşynda Waşingtonyň Kabula öz goldawyny dowam etdirmekçidigini mälim etdi.

James Dobbins amerikan goşunlarynyň Owganystanda galmagy üçin owgan hökümeti bilen ylalaşygyň gerekdigini, şol bir wagtda-da Owganystanda amerikan goşunalrynyň galmagyna zerurlygyň bardygyny belledi.

Planyň kesgitsizligi

ABŞ-nyň Owganystan boýunça wekili Dobbins Waşingtonyň Kabul bilen uzak möhletleýin strategik partnýorlyga ýykgyn edýändigini belledi.

Häzirki planlara görä, ABŞ-nyň harby goşunlary 2014-nji ýylda Owganystandan çykarylansoň, bu ýurtda az sanly türgenleşdiriji toparyň galdyrylmagy göz öňünde tutulýar.

Emma Ak Tam öz harbylaryny Owganystandan doly çykarmak ähitimallygyny hem aradan aýyrmaýandygyny mälim etdi.

Penşenbe güni amerikan kanun çykaryjylary Obamanyň administrasiýasyny ýaýallykda aýypladylar.

Senatyň Daşary gatnaşyklar boýunça komitetiniň başlygy senator demokrat Robert Menendez prezident Obamany amerikan goşunlaryna degişli geljekki planlar barada jikme-jik maglumat bermäge çagyrdy. Ol kesgitsizligiň regionda “päsgelçilikleriň” döremegine ýol açýandygyny belledi.

Özara hyzmatdaşlyk

Geçen aýda Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý Kabul bilen Waşingtonyň arasynda ozal gelnen bir ylalaşygy ýatyrdy. Şol ylalaşyga görä, amerikan goşunlarynyň 2014-nji ýyldan soň Owganystan boýunça planlary kesgitlenip, bu ýurtda parahatçylygy dikeltmek boýunça “Talyban” bilen arada barlyşyk gepleşiklerini geçirmek göz öňünde tutulypdy.

Respublikan senator Bob Korker Obamanyň administrasiýasyny indiki ýylyň aprel aýynda ikinji prezidentlik möhleti gutarýan Hamid Karzaý bilen gepleşikler meselesine ünsli çemeleşmäge çagyrdy. Bob Korker Karzaýy “rasional däl” ýolbaşçy diýip atlandyrdy.

ABŞ-nyň Owganystandaky baş wekili James Dobbins ABŞ-nyň Owganystandaky harby missiýasy üçin geljekde bu ýurtda soňky on ýyla golaý wagtyň dowamynda ýerleşdirilen goşunlaryň häzirki sanyny häzirki derejesinde saklamaga zerurlygyň ýokdugyny aýtdy.

Häzirki wagtda Owganystanda ABŞ-nyň 66 000 harbysy bar.
XS
SM
MD
LG