Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dissidentleriň gözlenýändigi aýdylýar


A.Hajyýew (S) demonstrantlar ilçihana zabt edenlerinden soň, türkmen diplomatynyň ýanynda. Pariž, 18-nji sentýabr, 2008 ý.
A.Hajyýew (S) demonstrantlar ilçihana zabt edenlerinden soň, türkmen diplomatynyň ýanynda. Pariž, 18-nji sentýabr, 2008 ý.
Orsýetiň adam hukuklaryny goraýan “Memorial” merkezi Orsýetiň ýörite gulluklarynyň türkmen oppozisionerlerini gözleýändigini habar berýär.

Bolgariýada ýaşaýan türkmen dissidenti Annadurdy Hajyýew “Memorial” merkezine Warnadaky rus konsulhanasynyň özüne Orsýet Federasiýasynyň möhleti uzaldylan täze pasportuny bermekden ýüz öwrendigini, munuň sebäbiniň Türkmenistanyň yglan eden gözlegi bilen baglydygyny habar beripdir.

Warnadaky rus konsuly Maksim Alýoşin Azatlyk Radiosyna Moskwadan, Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugynyň registrasiýa we arhiw fondlarynyň uprawleniýesinden gelen hat esasynda häzirlikçe Hajyýewiň pasportynyň täzelenmejekdigini aýtdy, ýagny Annadurdy Garlyýewiç Hajyýewiň Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň talaby esasynda halkara gözlegindedigini tassyk etdi.

Azatlyk Radiosy bu mesele barada has dolurak maglumat almak üçin A.Hajyýewiň özi bilen habarlaşanda, ol bu barada pikirini beýan etmekden saklanmakçydygyny aýtdy.

"41.5 million dollar" işi

“Memorial” merkezi A.Hajyýewiň 1998-nji ýyla çenli Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygynyň orunbasary bolup işländigini, 2001-nji ýylyň güýzünde Bolgariýa ýaşamaga gelendigini ýazýar.

Habarda aýdylmagyna görä, 2002-nji ýylyň iýul-sentýabr aýlarynda, ýagny Hajyýew ýurtdan çykanyndan tas bir ýyla golaý soň Türkmenistanda onuň garşysyna Merkezi bankdan ogurlandy diýilýän 41.5 million dollar bilen baglylykda gözleg yglan edilýär.

Bu ýagdaý hukuk toparlarynyň Hajyýewe Türkmenistana ekstradisiýa edilmek howpunyň abanýandygy barada birnäçe gezek alada bildirmegine sebäp bolupdy.

Şeýle-de “Memorial” Warnanyň okrug sudunyň 2003-nji ýylyň 22-nji maýynda “Hajyýew babatdaky jenaýat yzarlamasy syýasy sebäpler esasynda amala aşyrylýar” diýip belländigini, şu esasada hem onuň Türkmenistana berilmegi baradaky talabyň ret edilendigini habar berýär.

A.Hajyýewiň 2007-nji ýylda, Interpol arkaly ekstradisiýa edilmek synanyşygy hem
Abdy Kulyýew, Moskwa, 5-nji dekabr, 2002 ý.
Abdy Kulyýew, Moskwa, 5-nji dekabr, 2002 ý.
netijesiz tamamlandy we oňa basym Bolgariýadan gaçybatalga berildi.

Diňe Hajyýew gözlenmeýär

“Memorial” merkezi vroziske.org internet saýtynyň materiallaryna salgylanyp, Orsýetiň Içeri işler ministrliginiň türkmen tarapynyň haýyşy esasynda, 2008-nji ýylyň 18-nji iýunynda diňe Hajyýew babatda däl, eýsem ýene bäş türkmen oppozisioneri babatda gaýtadan gözleg yglan edendigini ýazýar.

Olaryň dördüsi – H.Orazow, N.Hanamow, Saparmyrat we Parahat Yklymowlar 10 ýyla golaý mundan öň ýewropa ýurtlaryndan gaçybatalga durumuny aldylar, ozalky daşary işler ministri A.Kulyýew bolsa, 2007-nji ýylyň aprelinde Norwegiýada ýogaldy diýip, Moskwadaky “Memorial” merkeziniň ýaýradan maglumatynda aýdylýar.
XS
SM
MD
LG