Sepleriň elýeterliligi

Yrak: Onlarça adam heläk boldy


Yrak resmileriniň sözlerine görä, ýurduň demirgazygyndaky Kirkuk şäherinde janyndan geçen hüjümçi tarapyndan amala aşyrylan bomba partlamasynda azyndan 38 adam heläk bolupdyr we 25 adam ýaralanypdyr.

Anna günki bu hüjüm köp adamyň üýşen ýeri bolan kafede amala aşyrylypdyr. Muňa kimiň jogapkärdigi derhal mälim edilmedi. Mundan ozal şeýle hüjümleri amala aşyrmakda “Al-Kaýda” ýakyn sünni ekstremistler aýyplanypdy.

Yragyň köpçülikdäki şaýy we azlykdaky sünni ilatynyň arasyndaky gapma-garşylyklar bilen baglanyşdyrylýan şeýle hüjümler şu ýylda müňlerçe adamyň ölümine sebäp bolupdy. BMG-ä görä, diňe bir iýun aýynyň dowamynda 760 adam wepat bolupdyr.

Ýurdaky syýasy krizis we sünniler bilen şaýylaryň arasyndaky dartgynlylyk, 2006-2007-nji ýyllarda ýurdyň graždan urşuna golaýlamagyna sebäp bolan zorluklaryň ýene-de tutaşmagy baradaky howatyrlanmalary güýçlendirdi.
XS
SM
MD
LG