Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Morsini boşatmaga çagyrýar


ABŞ Müsüriň harby ýolbaşçylaryna ýüzlenip, häzir tussaglykda saklanýan öňki prezident Muhammad Morsini boşatmaga çagyrdy. Döwlet Departamentiniň metbugat wekili Jen Psaki ABŞ-nyň Germaniýa tarapyndan ýakynda edilen şeýle çagyryşy goldaýandygyny mälim etdi.

Yslamçylar tarapyndan goldanýan öňki prezident Morsi 3-nji iýulda häkimiýet başyndan çetleşdirilenden soň köpçülikde görünmändi. Resmiler onuň Kairde Respublikan gwardiýasynyň jaýynda saklanýandygyny aýdýarlar.

Morsiniň onlarça müň tarapdary anna güni Kairde protest geçirip onuň wezipesinde dikeldilmegini talap etdiler.

Morsiniň garşydaşlary hem köpçülikleýin çäreleri geçirdiler. Olar Remezan aýynyň ilkinji hepdesiniň soňuny bellediler.

Morsini goldaýan “Musulman doganlar” atly topar harbylar tarapyndan döredilen geçiş hökümetine özleriniň gatnaşmajakdyklaryny yglan etdi.
XS
SM
MD
LG