Sepleriň elýeterliligi

Gazagystan: Italiýa ýalňyşandygyny aýtdy


Italiýanyň hökümeti gazagystanly oppozisiýa wekiliniň aýalyny hem gyzyny deportasiýa etmek barada resmi karary ýatyrýandygyny yglan etdi. Gazagystanyň iň uly banklarynyň birinden birnäçe milliard dollary ogurlamakda güman edilýän Muhtar Ablýazowyň aýaly we kiçijik gyzy Italiýanyň polisiýasy tarapyndan ele salnyp Gazagystana barýan uçara oturdylypdy.

Italiýanyň premýer-ministri Enriko Letta anna güni ýaýradan beýannamasynda “adaty bolmadyk bu waka barada hökümetiň habarly edilmändiginiň uly ýalňyşlyk bolandygyny” aýtdy.

Gazagystanyň häkimiýetleri Ablýazowyň aýaly Alma Şalabaýewanyň tussag astynda däldigini aýtdylar, şol bir wagtda-da, onuň galp pasport edinmek bilen bagly şübheleriň esasynda sorag edilendigini habar berdiler.

Muhtar Ablýazowyň nirede ýerleşýändigi barada habar berilmeýär.
XS
SM
MD
LG