Sepleriň elýeterliligi

Hytaý urany işlemek proýektini ýatyrdy


Hytaýyň häkimiýetleri protestlerden soň ýurduň günorta böleginde urany işlemek boýunça zawodyň gurluşygyny ýatyrdylar. Mundan bir gün ozal müňlerçe adam proýektiň ýatyrylmagyny talap edip, çykyş edipdi.

Heşan şäheriniň hökümetiniň resmi websaýtynda şenbe güni çap edilen maglumatda aýdylyşyna görä, hökümet “ilatyň isleglerine hormat goýup”, döwlete degişli Milli ýadro korporasiýasynyň bu proýektini goldamakdan ýüz öwürýär.

Hepdäniň anna güni müňlerçe adam proýekte protest bildirip, şäheriň resmi edaralarynyň öňünde jemlenipdi.

Bahasy 6 milliard dollara durýan bu proýektiň çäginde urany işlemek we baýlaşdyrmak işleri göz öňünde tutulýar.

Hytaýda tebygaty goramak meselesi bilen bagly demonstrasiýalar köpelýär. Ýurduň soňky 30 ýyla golaý wagtyň dowamynda senagat taýdan batly ösmegi ýurduň ençeme böleklerinde töwerek daşyň hapalanmagyna getirdi.
XS
SM
MD
LG