Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Awstraliýa: Gämi heläkçiligi boldy


Awstraliýanyň häkimiýetleriniň aýtmagyna görä, bosgunlary Awstraliýa alyp barýan Indoneziýanyň balykçylyk gämisiniň Hindi okeanynda agdarylmagy netijesinde bir ýaş çaga heläk bolupdyr, ýene-de sekiz adam ýitirim bolupdyr.

Awstraliýanyň resmileriniň şenbe güni aýtmagyna görä, Kristmas adasynyň golaýynda anna güni gark bolan gämide 97 ýolagçy bolupdyr.

Awstraliýanyň içeri işler ministri Jeýson Klare diri galan 88 adamyň Owganystandan, Eýrandan we Şri Lankadandygyny aýtdy we olaryň Awstraliýanyň harby deňiz gämisi tarapyndan halas edilip, Kristmas adasyna eltilendigini habar berdi.

2007-nji ýyldan bäri gaçybatalga tapmak isleýän 45 müňden gowrak adamyň bu deňiz ýolundan peýdalandygy, olardan 1 000-den gowragynyň gark bolandygy barada habar berilýär.

Adam gaçakçylygy Indoneziýada gadagan edilýär, emma ýurt resmileri muňa gatnaşykly bolmakda aýyplanýarlar.
XS
SM
MD
LG