Sepleriň elýeterliligi

Obama we Putin Snowden barada gürleşdi


ABŞ-nyň prezidenti B.Obama we Orsýetiň prezidenti W.Putin "Uly sekizlik" guramasynyň sammitinde, Demirgazyk Irlandiýa, 17-nji iýun, 2013.

ABŞ-nyň prezidenti B.Obama we Orsýetiň prezidenti W.Putin "Uly sekizlik" guramasynyň sammitinde, Demirgazyk Irlandiýa, 17-nji iýun, 2013.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin telefon arkaly gepleşip amerikan howpsuzlyk gulluklarynyň öňki işgäri häzir gaçyp gozlenýän Edward Snowden barada pikir alyşdyrlar.

Bu söhbetdeşligiň detallary köpçülige mälim edilmedi.

Waşingtonyň talaby

Anna güni Ak Tam ABŞ-nyň Orsýete çagyryş edip, Snowdene gaçybatalga berilmeginiň onuň üçin “propaganda platformasy” bolup biljegini duýdurdy.

Anna güni Snowden Orsýetden gaçybatalga almaga çalyşýandygyny yglan edipdi. Snowden Moskwanyň Şeremetýewo aeroportunda adam hukuklaryny goraýjy aktiwistler bilen duşuşdy. Ol 23-nji iýunda Gong Kongdan geleli bäri bu ýerde galýar.

Obamanyň administrasiýasy Orsýetden Snowdeni Birleşen Ştatlara tabşyrmagy talap edýär we oňa garşy jenaýat işiniň gozgalmagynyň mümkindigini aýdýar. Waşington Snowdeniň adam hukuklaryny goraýjy aktiwist ýa dissident bolmagy baradaky maglumatlary ret edýär.

Milli howpsuzlyk agentliginiň öňki işgäri Edward Snowden ABŞ-nyň telefonlar we internet arkaly maglumat toplamak işiniň üstüni açýan maglumatlary ýaýradypdy.

“Jenap Snowdene propaganda üçin mümkinçilik döretmeklik orsýet hökümetiniň Orsýetiň bitaraplygy barada eden öňki beýannamalaryna we Snowdeniň aeroportda bolmagyna täsir edip bilmeýändigi barada aýdanyna ters gelýär. Şeýle-de, bu, Orsýetiň Snowdeniň ABŞ-nyň regiondaky bähbitlerine mundan beýläk zarba urmagyny islemeýändigi barada aýdanyna hem gabat gelmeýär”, diýip Ak Tamyň metbugat wekili Jaý Karneý aýtdy.

Snowdene baş pena bermek

Günorta Amerika döwletleriniň prezidentleri ABŞ-ny güman edilýän içalyçylykda aýypladylar we ýurtlaryň Snowdene baş pena bermek hukugyny gorap çykyş etdiler.

Günorta Amerika döwletleriniň Merkosur söwda giňişligine girýän ýurtlarynyň liderleri “Biz öz ýurtlarymyzda telekommunikasiýa maglumatlarynyň barlanmagyny we içalyçylykly hereketleri çürt kesik ýazgarýarys, bu biziň raýatlarymyzyň şahsy durmuşynyň hem maglumatlarynyň eldegrilmesizdigini depeleýär” diýip bellediler.

Şeýle-de, bu beýannamada her bir döwletiň baş pena bermäge haklydygy hem nygtaldy.

Ýakynda Wenesuela, Boliwiýa we Nikaragua Snowdene baş pena bermäge taýýarlyk bildirdiler.

ABŞ dünýä ýurtlaryna basyş edip, olary Snowdene gaçybatalga bermezlige we ony öz giňişliklerinden geçirmezlige çagyrýar.

Orsýetde galmak şerti

Moskwanyň aeroportunda galýan 30 ýaşly Snowden amerikan gizlin programmalarynyň üstüni açmak üçin Milli howpsuzlyk agentliginiň Hawaidäki edarasynda bolan oňaýlykly iş şertlerinden ýüz öwrendigini aýdýar.

Snowden ABŞ-nyň hökümetiniň ony tussag etmek niýetini ýazgarýar we Orsýetde gaçybatalga soraýar.

Prezident Wladimir Putin Orsýetiň Snowdeni Birleşen Ştatlara ekstradisiýa etmejekdigini açyk aýtdy we iki ýurduň arasynda ekstradisiýa üçin ylalaşygyň ýokdugyny belledi. Şol bir wagtda-da, Putin Snowden Orsýetde galmak islese onuň ABŞ-nyň hökümetine zyýan ýetirip biljek gizlin maglumatlaryň üstüni açmak işini bes etmelidigini aýtdy.

ABŞ-nyň häkimiýetleri Edward Snowdeni içalyçylykda we hökümetiň emlägine el urmakda aýyplaýarlar.
XS
SM
MD
LG