Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa: Ýol heläkçiliginde 18 adam öldi


Moskwanyň gündogar böleginde daş daşaýan ýuk maşynyň ýolagçy awtobus bilen çaknyşmagy zerarly azyndan 18 adam heläk bolupdyr. Adatdan daşary ministrligiň maglumatyna görä, şenbe günki bu çaknyşykda ýene 25 adam ýaralanypdyr.

Bu pajygaly waka Moskwanyň merkezinden günorta tarap 40 kilometr uzaklykda ýerleşýän Troitsk okrugynda bolupdyr. Heläkçilikli wakanyň ýüze çykan wagtynda awtobusda 40 ýolagçynyň bolandygy barada habar berilýär.

Orsýetiň habar agentlikleriniň maglumatlaryna görä, awtobusyň we ýük maşynyň sürüjileri-de ýaralananlaryň arasynda keselhana düşüpdir. Ýük maşynyň sürüjisiniň soňky döwürde birnäçe awariýalara sebäpkär bolandygy barada hem aýdylýar.

Orsýet dünýäde ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça iň ýaramaz şertli ýurtlaryň biri hasaplanýar. 2012-nji ýylda Orsýetde ýol heläkçiliginde 28 000 adam ölüpdir.
XS
SM
MD
LG