Sepleriň elýeterliligi

Bagdatda 20 adam öldürildi


Yragyň paýtagty Bagdatda sünni musulmanlarynyň metjitlerine garşy amala aşyrylan hüjümlerde 20 töweregi adam ölüpdir.

Şenbe güni giçlik Bagdadyň günortasyndaky Dura sebitinde Khalid bin al-Walid metjidinde bolan partlamada azyndan 15 adam öldi. Partlama ikindi namazynyň yzýany amala aşyryldy.

Bagdadyň günbataryndaky Molla Hweş metjidinde ýüze çykan partlamada azyndan bäş adamyň öldürilendigi habar berilýär.

Mundan bir gün öň Kirkuk şäherinde janyndan geçen bir söweşijiniň hüjüminde 40 töweregi adam heläk bolupdy.

Aprel aýyndan bäri söweşijileriň hüjümleri netijesinde 2 müň 600 töweregi adam öldi.
XS
SM
MD
LG