Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Malala BMG-de çykyş etdi


Malala Ýusufzaýy çykyş edip, özüniň “Talyban” hereketi tarapyndan hüjüm edilen bir gyz däl-de, öz “hak-hukuklary ugrunda göreşen bir gyz hökmünde” tanalmak isleýändigini aýtdy.

16 ýaşly pakistanly ýetginjek Malalanyň bu barada şenbe güni giçlik Nýu-Ýorkda Pakistanyň BMG-däki missiýasynda çykyş edendigi aýdylýar.

Geçen oktýabr aýynda “Talyban” hereketiniň söweşijisi Malalany öldürjek bolup, ony kellesinden atypdy. Bu Malalanyň gyzlaryň bilim almak ugrundaky alyp baran kampaniýasy sebäpli edilendigi bellenilýär.

Malala “gyzlaryň bilim alyp bilmek mümkinçiligi üçin, özüniň janyny-da bagyş etmäge taýýardygyny” aýtdy.

Şeýle-de Malala “Talyban” hereketiniň we beýleki yslamçy ekstremist toparlarynyň bilimiň nä derejede möhümdigine düşünmeýändiklerini sözüne goşdy.
XS
SM
MD
LG