Sepleriň elýeterliligi

Pakistanda türkmenistanlylaryň öldürilendigi aýdylýar


Pakistanyň demirgazyk-günbatar sebitinde ABŞ-nyň pilotsuz uçarlarynyň hüjümine meňzeýän howa zarbasynda iki adamyň öldürilendigi habar berilýär.

Ýerli resmileriň berýän maglumatyna görä, howa zarbasy şenbe güni, söweşijidigi öýdülýän bu iki adamyň motosiklet sürüp barýan mahaly amala aşyrylypdyr.

Bu wakanyň Demirgazyk Waziristan sebitiniň Mir Ali regionynda ýüze çykandygy aýdylýar. Bu ýer yslamçy ekstremist toparlarynyň berk ornaşan sebiti hökmünde häsiýetlendirilýär.

“AFP” habar gullugynyň ýerli resmilere salgylanyp berýän maglumatynda, söweşijidigi öýdülýän bu iki adamyň Türkmenistanyň raýatydygy çak edilýändigi aýdylýar. Bu maglumaty häzirlikçe tassykladyp bolmady.
XS
SM
MD
LG