Sepleriň elýeterliligi

Orsýetde Wertolýot ýere düşdi


Russiýanyň Tomskaýa oblastynda Mi-8T kysymly wertolýot ýere düşende ýedi adam ýaralandy.

Bu waka ýekşenbe güni irden ýüze çykdy.

Russiýanyň Howa transporty boýunça federal agentligi wertolýonyň häläkçilige uçramagyny derňemek üçin, sebite özüniň spesialistlerini ýollady.

“Gazpromawia” kärhanasyna degişli bu wertolýotyň içinde 14 ýolagçy we üç ekipaž agzasy bardy. Ýaralananlaryň üçüsiniň agyr ýagdaýdadygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG