Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Butanda oppozisiýa ýeňiş gazandy


Butanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýurduň esasy oppozision partiýasy sesleriň aglabasyny almagy başardy.

Butanyň saýlaw komissiýasynyň başlygy şenbe güni geçirilen saýlawlaryň netijesini ýekşenbe güni yglan etdi.

Halkyň demokratik partiýasy milli mejlisdäki 47 ornuň 32-ni eýelemegi başardy. Häkimiýet başyndaky Parahatçylyk we bolçulyk partiýasy diňe 15 mandaty alyp bildi.

Halkyň demokratik partiýasynyň başlygy Tşering Tobgaýyň ýurduň täze premýer-ministri bolmagyna garaşylýar.

Saýlaw kampaniýasy mahaly üns merkezindäki esasy meseleler bu ýurduň ykdysadyýeti we Hindistan bilen ýaramazlaşan özara gatnaşyklar bolupdy.

Butan sermaýa we goldaw babatynda Hindistana bagly bolup galýar. Emma ýurduň premýer-ministri Jigmi Thinleý soňky aýlaryň dowamynda Hytaý bilen gatnaşyklary berkitmäge çalyşypdy.

Şenbe güni geçirilen saýlawa gatnaşyk 80% töweregi boldy.
XS
SM
MD
LG