Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Zimmerman günäsiz tapyldy


Jorj Zimmerman suduň zalyndan çykyp barýar. 13-nji iýul, 2013 ý.
Jorj Zimmerman suduň zalyndan çykyp barýar. 13-nji iýul, 2013 ý.

ABŞ-nyň Florida ştatynda gara tenli bir ýetginjegi atyp öldürmekde aýyplanýan adamdan ähli ýöňkelýän günäler aýryldy. Bu sud diňlenişigi ABŞ-da ýakyndan yzarlanypdy.

Şenbe güni giçlik žuri agzalary Jorj Zimmermana ýöňkelýän ikinji derejeli, ýagny tötänlikden adam öldürmek aýyplamalaryny ýatyrdy. Zimmerman 2012-nji ýylyň fewralynda Floridanyň Sanford şäherinde 17 ýaşly ýaragsyz Traýwon Martini atyp öldürmekde aýyplanýardy.

Zimmerman Martini gijara dörän gapmy-garşylykda, özüni goramak maskady bilen atdandygyny aýtdy.

Goragçy aklawçysy Mark O’Mara çykarylan hökümden soň: “Elbetde, biz bu hökümden hoşal bolduk. Jorj Zimmerman özüni goranlygyndan gaýry, başga hiç zatda günäkär däldi. Men žuri agzalarynyň muny edil şu durkda görüp bilendigine begenýärin. Şeýle-de men Jorja şübheli garanlaryň, žuriniň ony günäkär däl diýip karar çykarmasy üçin ýeterlik derejede maglumatynyň bolandygyna, düşünýändiklerine umyt edýärin” diýip, çykyş etdi.

Eger-de Zimmermanyň günäsi subut edilen bolsady, oňa ömürlik türme tussaglygynyň berilmegi mümkindi. Martin gara tenli bir ýetginjekdi, Zimmerman bolsa özüni ispan asylly diýip häsiýetlendirdi.

Nägilelikler

Martiniň doganoglany Sakuan Jones çykarylan höküme “haýran galandygyny” aýdýär. Ol: “Meniň maşgalam hiç haçan ruhy taýdan ynjalyk tapmaz. Munuň bilen hiç zat gutarmaz. Biz agyrymyzy gowşatmak üçin, doga etmelidiris. Men bu höküme ynanyp bilemok. Men indi gaty şübheli boldum. Men haýran galýaryn. Men muňa ynanyp bilemok” diýdi.

Žuri belli bir netijä gelmezden ozal, 15 sagat çemesi maslahat edipdi.

Bu iş Martine teniniň reňki üçin hüjüm edilendigi boýunça käbir soraglary-da döretdi.

Žuriniň kararyndan soň, ABŞ-nyň köp şäherlerinde, şol sanda San Fransiskoda, Filadelfiýada, Çikagoda we Atlantada gazaply ýörişler geçirildi.

Oaklanda demonstrantlar maşynlary reňkli syýalar bilen boýadylar, şeýle-de ulaglaryň aýnalaryny döwdüler. Protestçiler ABŞ-nyň baýdagyny hem otladylar.
XS
SM
MD
LG