Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň resmisi Kaire barýar


Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň ýokary derejeli resmileri Kairda Müsüriň liderleri bilen duşuşarlar.

3-nji iýulda Muhammet Morsi häkimiýetden agdarylandan soň, ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary William Burns Müsüre ilkinji gezek sapar edýär. Muhammet Morsi demokratik saýlawlar esasynda saýlanypdy.

Burnsiň sişenbe gününe çenli dowam etjek bu saparynyň dowamynda harby resmiler we wagtlaýyn häkimiýetiň liderleri bilen duşuşmagyna garaşylýar.

Emma Burnsiň saparynyň dowamynda Morsiniň tarapdary “Musulman doganlary” syýasy hereketiniň resmileri bilen duşuşyp duşuşmajagy barada takyk maglumat berilmeýär.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň administrasiýasy Morsiniň häkimiýetden çetleşdirilmegini “agdarylyşyk” diýip häsiýetlendirmekden saklandy.

ABŞ Morsiniň häkimiýetden çetleşdirilmegini “agdarylyşyk” diýip häsiýetlendiren halatynda, Birleşen Ştatlaryň kanunyna laýyklykda, Waşington Müsüriň harbylaryna her ýyl 1 milliard dollardan gowrak kömek puluny ugratmakdan saklanmaly bolar.
XS
SM
MD
LG