Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Habibulla: "Söwda hyzmatdaşlygy ösýär"


Enjiner Habibulla
Enjiner Habibulla
Owganystanyň Türkmenistan bilen iki sany resmi serhet geçelgesi – Akgine-Ymamnazar we Torgundy – bar. Türkmenistandan Owganystana eksport edilýän harytlaryň aglaba bölegi Akgine-Ymamnazardan geçýär.

Owganystana daşary ýurtlardan import edilýän harytlaryň, esasan, ýurduň Söwda we Senagat ministrligine degişli “Astras” edarasy tarapyndan kabul edilýändigi aýdylýar.

Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şamerdanguly Myrady “Astras” edarasynyň Akgine-Ymamnazar geçelgesindäki bölüminiň başlygynyň orunbasary Enjiner Habibulla bilen söhbetdeş boldy. Habibulla Owganystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara söwda hyzmatdaşlygynyň barha ösýändigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG