Sepleriň elýeterliligi

Ýüwrükleriň testleri oňyn netije berdi


Dünýäniň iň ýyndam ýüwrükleri diýip hasaplanýan iki erkek türgen sportda "gadagan edilen maddany ulanmak" boýunça geçirilen testleriň özlerinde oňyn netije berendigini aýtdylar.

100 metr aralyga ylgamak boýunça 2007-nji ýylyň çempiony hem-de şu ýylyň iň ýyndam adamy hökmünde ykrar edilen Taýson Geý, sportda “gadagan edilen maddany ulanmak” boýunça geçirilen testiň özünde oňyn netije berendigini we indiki aý Moskwada geçiriljek dünýä çempionatyndan çetleşdirilendigini aýtdy.

100 metr aralyga ylgamak boýunça öňki dünýä rekordyna eýe bolan ýamaýkaly sport ýyldyzy Asafa Pawel hem ýekşenbe güni eden çykyşynda, geçen aý Ýamaýkada geçirilen çempionatyň dowamynda sportda "gadagan edilen maddany ulanandygyny" mälim etdi.

Taýson Geý we Asafa Pawel atletika taryhyndaky iň ýyndam dört erkek türgenleriň arasyndadyrlar.

Taýson Geýden has gaty ylgaýan ýeke täk ýüwrük häzirki wagtda dünýä rekordyny göterýän Usain Boltdyr. Taýson Geý 100 metr aralygy 9,69 sekuntda geçipdi.

Ýamaýkaly Assaf Pawel bolsa 100 metr aralygy 9,72 sekuntda geçip, dünýäniň iň ýyndam dördünji ýüwrügidir.
XS
SM
MD
LG