Sepleriň elýeterliligi

Lukaşenkonyň Hytaýa sapary başlaýar


Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenkanyň Hytaýa üç günlük sapary başlaýar.

Lukaşenkanyň çarşenbe gününe çenli dowam etjek bu sapary Hytaýyň prezidentiniň çakylygy esasynda amala aşyrylýar. Iki ýurduň prezidentleri gepleşikleri Pekin şäherinde geçirmegi planlaşdyrýarlar.

"Itar-Tass" habar gullugynyň berýän maglumatynda görä, bu saparyň çäginde Belarusyň hem-de Hytaýyň ikitaraplaýyn jarnama we 20-den gowrak ylalaşyga, protokola, şertnama gol goýmagyna garaşylýar.

Lukaşenko Hytaýa edýän saparynyň öň ýanynda Minsk bilen Pekiniň arasyndaky hyzmatdaşlyklaryň “hilini täze ýokary derejä” ýetirmegi umyt edýändigini belledi.

Lukaşenko bu hyzmatdaşlyklaryň “intensiw syýasy dialoglary”, şeýle-de “söwda, ykdysady, maliýe we ynsanperwer” gatnaşyklary ösdürmegi öz içine alýandygyny nygtady.

Hytaý eýýäm Belarusdaky energetika we senagat proýektleriniň ençemesinde iş alyp barýar.
XS
SM
MD
LG