Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ resmisi Kairde gepleşik geçirýär


Esger prezident köşgüniň öňünde, harby maşynyň üstünde dur. Kair, 14-nji iýul, 2013 ý.
Esger prezident köşgüniň öňünde, harby maşynyň üstünde dur. Kair, 14-nji iýul, 2013 ý.
Döwlet departamentiniň ýokary derejeli resmisi Kairde müsür ýolbaşçylary bilen gepleşik geçirmekçi.

Döwlet sekretarynyň orunbasary Williýam Börnsiň sapary bu ýurda harbylar demokratiki esasda saýlanan prezident Muhammad Morsini 3-nji iýulda häkimiýetden çetleşdireli bäri şeýle derejede edilýän ilkinji sapardyr.

Börnsiň sapar mahalynda, sişenbe gününe çenli harby resmiler, şeýle-de geçiş hökümetiniň ýolbaşçylary bilen duşuşmagyna garaşylýar.

Onuň Morsiniň wezipesine dikeldilmegini talap edip protest geçirýän yslam hereketiniň, “Musulman doganlygynyň” resmileri bilen duşuşyp-duşuşmajagy anyk däl. Morsi harbylar tarapyndan aýdylmaýan bir ýerde saklanýar.

“Musulman doganlygy” täze geçiş adminstarsiýasyna goşulmakdan ýüz öwürdi we olaryň duşenbe güni has köp protest geçirmegine garaşylylýar.

Zorluklary bes etmeli

Döwlet departamenti Börnsiň zorluklary soňlamagy we hemme tarapy içine alýan, demokratiki esasda saýlanan raýat hökümetine eltýän geçişi ündejegini aýtdy.

Morsi häkimiýetden çetleşdirileli bäri 90-dan gowrak adamyň zorlukly wakalaryň pidasy bolandygy aýdylýar. Olaryň arsasynda Kairdäki Respublika gwardiýasynyň binalarynyň ýanynda, esgerler bilen çaknyşykda öldürilen 53 adam, Morsiniň tarapdarlary hem bar.

Obama adminstrasiýasy Morsiniň çetleşdirilmegini “agdarylyşyk” hökmünde häsiýetlendirmekden saklandy. Beýle kesgitleme berse, ABŞ-nyň kanunçylygy esasynda, Waşington Müsüriň harbylaryna berýän ýyllyk 1 millarddan gowrak amerikan dollaryny togtatmaly bolardy.
"Musulman doganlygynyň" agzalary protest mahalynda, Kair, 12-nji iýul, 2013 ý.
"Musulman doganlygynyň" agzalary protest mahalynda, Kair, 12-nji iýul, 2013 ý.

Börns Kairdäki häkimiýetleriň “Musulman doganlygyny” basyp ýatyrmagyny dowam etdirýän wagtynda gelýär. Müsüriň jemgyýetçilik prokurory ýokary derejeli yslamçylaryň 14-sine degişli emläkleri doňdurmagy buýurdy.

Müsürlileriň arasyndaky bölünişik

Müsüriň harby ýolbaşçysy, general Abdel Fattah Al-Sissi ýekşenbe güni telewideniýede özüniň Morsini iş başyndan çetleşdirmek kararyny gorap çykyş etdi.

Ol Morsini geçen ýyl halk mandatyny bozmakda we özüne has köp ygtyýar almak üçin konstitusiýa referendumyna goldaw bermekde aýyplady. Bu ygtyýarlyklar soň garşylyk sebäpli ýatyrylypdy.

"Men ozalky prezident bilen geçen noýabrda gepleşdim we biz özümiz tarapyndan öňi çekilmeýän milli dialoga çagyrdyk, emma liderleriň arasyndaky bölünişik müsür halkyny hemişeki ýaly aşak iterer we müsürlileriň arasynda has çuň bölünişige sebäp bolar öýdüp gorkduk."

Şeýle-de harby serkerde Morsiniň çetleşdirilmegine onuň yslamçylar bilen baglanyşygynyň sebäp bolandygy baradaky aýyplamany ret etdi.

Jemgyýetçilik prokurorynyň edarasy ýekşenbe güni “Musulman doganlygynyň” liderleriniň 14-siniň, şol sanda Muhammed Badiniň emläginiň doňdurylmaly edilendigini yglan etdi.

Emlägi doňdurylmaly edilenleriň arasynda Badiniň orunbasary Haýret El-Şater we “Musulman doganlygy” partiýasynyň başlygynyň orunbasary Essam El-Erianyň hem ady bar.

Bu ädim prokurorlar şenbe güni özleriniň Morsä garşy jenaýat şikaýatlaryny derňeýändiklerini aýdanlaryndan soň ädildi.

Şu arada Müsüriň geçiş premýer-ministri Hazem el-Beblawi geçiş hökümetini düzmek boýunça has köp gepleşik geçirdi.

Halkara atom energiýasy gullugynyň öňki başlygy we Nobel parahatçylyk baýragynyň eýesi Muhammed ElBaradeý bolsa, ýekşenbe güni daşary işler meseleleri boýunça geçiş wise-prezidenti bolmak barada kasam kabul etdi.
XS
SM
MD
LG