Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nurmämmedow: "Aýlyklaryň köpeldilmegi biparh garşylandy"


Pul birlikleri
Pul birlikleri
Anna güni geçirilen hökümet maslahatynyň dowamynda, 1-nji sentýabrdan başlap mugallymlaryň, 2014-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap bolsa beýleki zähmetkeşleriň aýlyklaryny 10 göterim artdyrmak barada karara gol goýuldy.

Türkmen metbugaty, bu çäräniň ilatyň durmuş-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmak üçin edilýändigini belleýär. Emma Türkmenistandan gelip gowuşýan käbir maglumatlara görä, aýlyklaryň 10% göterilýändigi baradaky kararyň kabul edilmegi bilen bazardaky harytlaryň-da nyrhy ýokarlanýar.

Eýsem, şeýle ýagdaýda aýlyklaryň 2014-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap 10% göterilmegi ilatyň ýaşaýyş durmuşyna nähili täsirini ýetirýär?

Azatlyk Radiosy şu we beýleki soraglar bilen gyzyklanyp, aşgabatly syýasy aktiwist Nurberdi Nurmämmedowa ýüzlendi.

XS
SM
MD
LG