Sepleriň elýeterliligi

Biometrik pasport: Daşardaky türkmenler aladaly


Bilet almak üçin nobata duran türkmenistanlylar

Bilet almak üçin nobata duran türkmenistanlylar

Türkmenistanda täze biometrik pasportlar doly güýje girizilip, köne pasportly türkmenistanlylara indiden eýläk uçar biletleriniň satylmajagy, ýa-de beýle ýolagçylaryň daşary ýurtlardaky türkmen wekilhanalaryna ýüz tutmalydygy belli bolandan soň, daşary ýurtlarda okaýan ýa işleýän ildeşlerimiziň arasynda gaýgy-aladanyň artandygy aýdylýar.

Sebäbi daşary ýurtlarda okap ýa işläp ýören türkmenistanlylaryň arasynda her hili kanuny durumdaky adamlaryň bardygy aýdylýar. Mysal üçin, olaryň käbiri daşary ýurtlara kanun esasda çykyp, kanuny esasda hem ýaşaýan bolsa, durmuş, iş, okuw, maddy we maliýe kynçylyklary sebäpli yzyna wagtynda dolanyp bilmedik, eger yzyna dolansa, «häkimiýetler tarapyndan yzarlanaryn ýa-da gara sanawa salnyp, belli bir wagta çenli ýurtdan çykyp bilmerin, işimi, okuwymy ýtirerin» diýip alada edýänler hem bar.

Mundan başga, eger türkmen ilçihanlaryna ýüz tutsam, özümiň nirede näme iş bilen meşgullanýandygymy bildirsem, olar diňe meniň özüme däl, yzymda galan garyndaşlaryma hem basyş eder diýýän türkmenistanlylar hem bar.

Täze pasport düzgüni daşary ýurtlardaky türkmenistanlylaryň hereket, iş, zähmet, okuw azatlygyny çäklendirmek, olary ýurda ýygnamak, juda bolmanda daşarda näçe adamyň bardygyny anyklamak we olary kontrol astyna almak üçin girizilýär diýip pikir edýänler hem bar.

Bu aladalar, aýdylmagyna görä, daşary ýurtlarda okaýan, işleýän türkmenistanlylaryň bir toparynyň alaçsyz türkmen raýatlygyndan el çekmek, ýaşaýan ýerlerinden oturym durumyny soramak pikirine gelmegine itergi berýär.

Azatlyk Radiosy nobatdaky “Tegelek stol” söhbetdeşligini şu meselä bagyşlap, ýene bir gezek daşardaky türkmenleriň pasport aladalaryna ýüzlenmegi, bu ugurda mümkin bolan çözgütler barada türkmenistanlylaryň öz pikirlerini aýtmagyna şert döretmegi makul tapdy.

Eýsem bu ýerde adam hukuklaryny we azatlyklaryny çäklendirmezden, kyn ýagdaýda galan raýatlara zyýan däl-de, kömek bermek üçin näme etmeli we nämeleri edip bolar?

Pikirleriňize we bellikleriňize, maslahatlaryňyza we teklipleriňize garaşýarys.

Belki, söhbetdeşlige gatnaşyp, öz pikirleriňizi hem aýdarsyňyz. Eger şeýle bolsa, "Tegelek stol” söhbetdeşliginiň mikrofonlary siz üçin-de açyk.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG